SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN-TÜRK IŞEWÜRLIK MASLAHATYNDAKY ÇYKYŞY
(Ankara şäheri, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry) Hormatly işewür toparlaryň wekilleri! Gadyrly dostlar! Ilki bilen, hemmäňizi tüýs ýürekden mübärekleýärin hem-de şu günki işewürlik maslahatynyň guralandygy üçin Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşigine, Daşary ykdysady gatnaşyklar guramasyna minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Biz iki ýurduň işewür adamlarynyň duşuşyklaryny yzygiderli geçirip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlarynydyr mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarys. Şu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşliginde ozaldan gelýän ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esasla...
«TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY — 2023» ATLY HALKARA MASLAHAT WE SERGI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň onlarça döwletinden wekiller gatn...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY GUTLADY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň geljegine berk ynanýar we bu guramanyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine egsilmez mümkinçilikleriniň açylmagyna goşant goşmak bilen, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegi hem-de pugtalandyrm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu iri halkara düzüm bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet bermek bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdala...
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ HHR-E IŞ SAPARY TAMAMLANDY
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, 18-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň we başlangyçly ornuny tassyklady. Şunda energetika, ulag, ko...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPIN BILEN DUŞUŞYGYNDAKY ÇYKYŞY
(Pekin şäheri, 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabry) Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpin! Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar iki müň ýyldan gowrak wagtdan bäri dowam edip gelýär. Beýik Ýüpek ýoly iki ýurdy we olaryň halklaryny ysnyşykly baglanyşdyrypdyr. Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginden Ýewropa tarap geçen Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň şerti bolandygy hemmelere mälimdir. Sebitde durnukly ösüşi üpjün...