TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra ýurtda bedenterbiýe we sport hereketlerini ýola goýmagyň täze usullary kemala gelip ugrady hem-de şol ugurda halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň düýp esasy goýuldy. 2007-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident wezipesine saýlanylmagy bilen döwlet gurlyşynyň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda sport ulgamynda hem özgertmeler geçirilip başlandy. Şol döwürden bäri ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy.
Şeýle syýasaty durmuşa geçirmek maksady bilen diýarymyzyň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we başga-da ş.m. desgalar bina edildi. Ýurdumyzda türgenlerdir hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullary we sport oýunlaryny geçirmegiň tejribesi kämilleşdirildi, türkmen türgenleri bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp başladylar. 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri «Türkmenistan–sport» telekanaly “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” şygary astynda alnyp barylýan bedenterbiýe we sport ugrunda gazanylan üstünlikleri beýan etmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek üçin ýaýlymda yzygiderli gepleşikleri bermegini dowam edýär.
Türkmenistanyň aýratyn howa-klimat şertlerine garap, bu ýerde sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredildi. Aşgabatda sportuň gyşky görnüşleri boýunça Sport toplumy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolsa uly göwrümli buz meýdançalaryndan ybarat bolan köpugurly sport toplumy guruldy. Ýurdumyzda hokkeý boýunça milli çempionat oýunlary indi birnäçe ýyl bäri geçirilýär, şeýle hem sportyň figuralaýyn buzda typmak we şort-trek ýaly görnüşleri ösdürilýär.
Şaýbaly hokkeý iň meşhurlaryň hatarynda, onuň çempionatlary biziň ýurdumyzda eýýäm birnäçe ýyl bäri geçirilýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndy topary halkara derejesine çykdy.
Ýyl-ýyldan amala aşyrylýan özgertmeler sport ussatlygynyň ýokary derejelere çykmagyna hem ýardam edýär.
Bedenterbiýäniň we sportuň ösüşi “Bedenterbiýe we sport baradaky”, “Professional sport baradaky”, “Atçylyk we atçylyk sport ýaryşlary baradaky”, “Döwlet ýaşlar syýasaty baradaky”, “Meýletinçilik baradaky”, şeýle-de “Sportda dopinge garşy göreş baradaky” Türkmenistanyň Kanunlarynda berkidilendir.
Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek maksady bilen we bütindünýä olimpiýa hereketine girişmek üçin Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň sportda doping serişdelerini ulanmaklyga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy, şeýle-de ýurtda Milli antidoping agentligi döredildi.
Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygy düşünjesine ýokary ynsanperwer manyny goýýar we ony gönüden-göni BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kabul edilmegi bilen baglanyşdyrýar. 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Bosgunlaryň olimpik ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek boýunça” atly ýüzlenme kabul edildi. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde yglan etdi.
Ikitaraplaýyn kanuny esasda 60-dan gowrak döwlet bilen sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hereketleri düzgünleşdirilýär. Bulardan başga-da, sport boýunça hyzmatdaşlyk meselesi döwlet baştutanlarynyň saparlary dowamynda kabul edilýän jarnamalarda we beýannamalarda, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hökümetara bilelikdäki toparlaryň jemleýji resminamalarynda öz mynasyp ornuny tapýar.
Halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamynda hem-de sport diplomatiýasyny ösdürmek boýunça esasy möhüm ugurlaryň biri dünýä ýüzüne türkmen milli göreşini yzygider ýaýratmak bolup durýar. 2015-nji ýyldan başlap Bütindünýä göreş federasiýasynyň ştab-kwartirasy Aşgabatda öz işine başlady. Şeýle federasiýalar 20-den gowrak döwletde hereket edýär. 2017-nji ýylda Ýewropa, Afrika we Günorta Amerikanyň yklym federasiýalary döredildi we türkmen milli göreşi boýunça Ýewropanyň we Afrikanyň çempionatlary geçirildi. Türkmen milli göreşini dünýä ýaýratmak ugrundaky işler häzirki wagtda hem dowam edýär.
Sport hereketiniň ösdürmekligiň 10 ýylynyň we Türkmenistan tarapyndan halkara sport hyzmatdaşlygynyň doly döredilmeginiň iň ýokary derejesi Aşgabatda 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda, “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary astynda geçirilen iň uly we wekilçilikli Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary boldy. “Aşgabat 2017–niň” aýratyn tarapy ol hem, 45 sany Aziýa döwletleri bilen bir hatarda Okeaniýanyň 19 döwletinden (dünýä döwletleriniň üçden biri) we bosgunlaryň sport topary hem şeýle derejedäki bäsleşige ilkinji gezek gatnaşdylar.
Bäsleşikler Aşgabatda oýunlar üçin ýörite gurulan, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde geçirildi. Şäherçede 40–dan gowrak dürli desgalar gurulyp, olaryň ikisi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, bu Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda ýerleşdirilen atyň dünýäde iň uly çeper–monumental şekili we dünýäde üsti ýapyk iň uly sportuň suw görnüşleriniň toplumydyr.
Geçirilen halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň arasynda “Amul-Hazar 2018” awtorallisini, Hazarýaka döwletleriň mekdep medeni-sport festiwalyny, Agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatyny bellemek zerur.
Türkmenistanyň Daşary syýasy ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda ýurduň halkara olimpiýa hereketine integrasiýasy we doly hukukly goşulmagy göz öňünde tutulandyr. Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek bilen Türkmenistan halkara derejesindäki şeýle uly sport çäresini geçirmäge we halkara sport bileleşiklerini özüne çekmäge ukyply bolan ýurtlaryň hataryna goşuldy. Muny nazara almak bilen, ýakyn geljekde Türkmenistanda geçiriljek halkara derejesindäki sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň toplumlaýyn meýilnamasy taýýarlanylýar.