                <description><![CDATA[Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen abraýly forum hökmünde eýýäm öz ornuny berkitdi.
Forumyň işine gatnaşmakdan alan täsirleri barada Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Ýewgeniýa Kotowa gü...]]></description>
                <description><![CDATA[Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi. Bu çäre häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmaga, daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen abraýly forum hökmünde däbe öwrüldi.
Foruma Týumen döwlet uniwersitetiniň prorektory Andreý Tolstikow gatnaşdy. Ol žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň ylym we...]]></description>
                <description><![CDATA[?Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar ekologiýa sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň ekologik meselelerini netijeli çözmäge we onuň ekoulgamyny gorap saklamaga gönükdirilen birnäçe teklipleri öňe sürdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ilkinji bolup Hazar ekologiýa başlangyjyny öňe sürmek hem-de onuň çäklerinde Hazar ekologiýa forumyny çagyrmak bilen, şeýle ýörelgelerden ugur alandygyny belläp,...]]></description>
                <description><![CDATA[Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasy bolan M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Resminama 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçirilen dabarada gol çekildi.
Resminama laýyk...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, “Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň başlygy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.
Myhma...]]></description>
                <description><![CDATA[Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýet agzalary!
Gadyrly dostlar!
Hazarýaka döwletleriň Prezidentlerini Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekleýärin. Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Şu günki waka aýratyn ähmiýete eýedir. Hazaryň ekologiýa meselesi aýratyn ugur hökmünde iň ýokary döwlet derejesinde ara alyp maslahatlaşmaga çykaryldy. Meniň pikirimçe, munuň özi Hazarýaka ýurtlaryň ýolbaş-çylarynyň ýokary jogapkärçi...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda we hormatly Prezidentimiz Serdar...]]></description>
                <description><![CDATA[Hormatly wekiliýet Baştutanlary!
Hormatly Baş sekretar!
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Arkalaşygyň alyp barýan işinde ýylyň möhüm waka-sydyr. Şu gün biz ýerine ýetirilen işleriň käbir jemlerini jemläris, geljekki döwür üçin wezipeleri hem-de ugurlary kesgitläris.
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyk hökmünde öz işine örän jogapkärçilikli çeme-leşdi. Biz tertipnamada göz öňünde tutulan ähli çäreleriň, şeýle hem häzirki bilelikdäki işler bilen baglylykda be...]]></description>
                <description><![CDATA[GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞI-NIŇ MEJLISI
2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Eýran Yslam Res-publikasynyň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ge-çirildi. 
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Bela-r...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Sergeý Lebedew duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşykda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy hem-de köpugurly dialogy ösdürmäge berýän goldawyna ýokary baha b...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. Medeni çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda “Bedew bady: güýç hem gözellik” atly döwletara telewizion filmler bäsleşiginde “Ahal...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşýan döwlet Baştutanlary we belent mertebeli myhmanlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň festiwalyna gatnaşdylar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň medeniýetleri özboluşly aýratynlyklara eýe bolmak bilen, olary taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde bu ýurtlar baý medeni...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän giň möçberli halkara çäreleriň dowamynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda telewideniýe we kino sungatynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we sebitiň döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýyl mähriban Watanymyzda uly üstünlikler gazanylan...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda  Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi we Hazar ekologik sammiti ýaly ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar.]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza ýurtlaryň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar.
Häzirki ählumumy şertlerd...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň möçberli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Ählumumy özgertmeler döwründe demografik prosesler döwletleriň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýän es...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Awaza” Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar we bilermenler gatnaşdylar.
Dünýä ýagdaýlarynyň häzirki üýtgäp durýan şertlerinde saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen çäreleriň dowamynda degişli ugur boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we media ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň teleradioýaýly...]]></description>
                <description><![CDATA[2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi geçirildi. Giň möçberli forum Arkalaşygyň ýurtlarynyň oba hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylaryny, alymlaryny we seçgiçilik merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi.
Çäräniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk we azyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar.
GDA-nyň Tohumçylyk mesele...]]></description>