TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ARKADAG ŞÄHERI — ÝAŞLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ ŞÄHERI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi berkarar döwletimizde ha...
ВСТРЕЧА ПОСЛА ТУРКМЕНИСТАНА С ПОСЛОМ США
22 мая 2023 г. состоялась встреча посла Туркменистана в России Батыра Ниязлиева с новоназначенным послом Соединенных Штатов Америки в России Линн Трэйси. В ходе встречи состоялся обмен мнениями о текущем ходе и перспективах сотрудничества двух стран. Было отмечено, что отношения Туркменистана и Соединенных Штатов развиваются стабильно и последовательно, на принципах взаимного уважения и равноправия. Посол Туркменистана ознакомил свою американскую коллегу с основными направлениями нейтрал...
KIPR RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kipros Ýorgallis bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. B.Mätiýew Kipr Respublikasynyň Ilçisini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň işine türkmen tarapynyň degişli ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi. Gep...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BSGG-NIŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
Ženewada geçirilýän Bütündünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 76-njy mejlisine gatnaşmak üçin iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri A.Germanowyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 20-nji maýynda Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Baş direktory Tedros Adan Gebreisus bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Gurama bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamy...
«AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XXII KÖPUGURLY HALKARA SERGÄ TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR
Ozal habar berşimiz ýaly, 21-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere we bu şanly senä gabatlanyp geçirilmegi göz öňünde tutulýan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu köpugurly sergä ýerli we daşary ýurt kompaniý...
BURKINA FASO, THE SYRIAN ARAB REPUBLIC AND UGANDA BECAME MEMBERS OF THE GROUP OF FRIENDS OF NEUTRALITY FOR PEACE, SECURITY AND SUSTAINABLE DEVELOPMENT
The Group of Friends of Neutrality for Peace, Security, and Sustainable Development is pleased to announce the approval of membership for three esteemed nations: Burkina Faso, the Syrian Arab Republic, and Uganda. This would reinforce the Group's commitment to fostering global peace, security, and sustainable development through the principles of neutrality. The Group of Friends of Neutrality for Peace, Security, and Sustainable Development is an informal international platform dedicated to a...
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN UNESCAP-YŇ KARARNAMASY KABUL EDILDI
Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan bilen bilelikde bu halkara ähmiýetli kararnamanyň döredijileri hökmünde Azerbaýjan, Ermenistan...