TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASY ALYMLARY HALKARA YLMY MASLAHATA ÇAGYRÝAR

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň alymlaryny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar.

Ylmy maslahat aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler:

– nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, täze materiallara barlaglary geçirmek we energetika;

– biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;

– maglumat we kommunikasion ulgamlar, kompýuter tehnologiýalary;

– häzirki zaman lukmançylygy we derman önümçiliginiň tehnologiýalary;

– innowasion ykdysadyýet;

– ynsanperwer ylymlar.

Gatnaşmaga gyzyklanma bildirýänler hasaba alyş beýanatyny doldurmalydyrlar hem-de şu ýylyň 31-nji martyna çenli çäräniň guramaçylyk toparyna teklip edilen temalara laýyklykda ylmy tezislerini we hasabatlaryny taýýarlap tabşyrmalydyrlar. Gatnaşmak üçin haýyşnamanyň nusgasy, ylmy işleri bellige almagyň düzgüni, guramaçylar bilen habarlaşmak üçin salgylar hem-de beýleki möhüm maglumatlar TYA-nyň resmi saýtynyň https://science.gov.tm  täzelikler bölüminde ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän halkara ylmy maslahat 12-13-nji iýunda utgaşykly görnüşde, türkmen, iňlis we rus dillerinde geçiriler.

Çäre oňa gatnaşyjylaryň arasynda gymmatly tejribe we bilimleri alyşmaga, dünýäniň dürli ýurtlarynyň alymlarynyň arasynda ylmy gatnaşyklary giňeltmäge, ylym ulgamynda halkara gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge hem-de geljekde bilelikde oňyn netijeleri gazanmaga ýardam eder.