TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
KURAŞ SPORTY BOÝUNÇA DÜNÝÄNIŇ IŇ EZBER 240-DAN GOWRAK TÜRGENI AŞGABADA GELER
Halkara birleşigi tarapyndan öňe sürlen we Türkmenistan tarapyndan goldanylan Kuraş sporty boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin dünýäniň 50 ýurdundan 240-dan gowrak türgen Aşgabat şäherine geler. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. Dünýä ýaryşynda ýeňiji bolan 60 türgeniň medallar bilen sylaglanjakdygy bellenilýär. Çempionatyň özünde Türkmenistana 15 türgen wekilçilik eder. Sport ýaryşlary jemi 15 agram derejesinde, şolaryň 7-si erkek we 8-si bolsa zenan agram derejesinde geçir...
MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI BIOLOGIÝA BOÝUNÇA II HALKARA OLIMPIADA ÇAGYRÝAR
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda onlaýn görnüşinde biologiýa boýunça II Halkara olimpiadasyny geçirer. Biologiýa bilen gyzyklanýan we bu dersi öwrenýän talyplaryň ählisi olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar. Olimpiada gatnaşjaklar şu ýylyň 30-njy noýabryna çenli elektron salgysyna ýüz tutup bilerler. Bellige alnan talyplaryň görkezen elektron poçtasyna olimpiadanyň başlanmagynda...
TÜRKMENISTANYŇ ADALATÇYSY HALKARA HYZMATDAŞLARYŇ WEKILLERI BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa Adalatçynyň edarasynyň halkara hyzmatdaşlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Onda adam hukuklaryny goramak pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşykda BMG-niň şu gurluşy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Adalatçynyň edaras...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY E.M.AÝDOGDYÝEW HAKYNDA
Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 10-njy noýabry.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY B.G.NIÝAZLIÝEW HAKYNDA
Batyr Gurbanmyradowiç Niýazliýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuha...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ 16-NJY SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY
Hormatly döwlet Baştutanlary, wekiliýet ýolbaşçylary! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Onuň Alyhezreti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň ýokary derejede guralandygy, mähirli myhmansöýerlik we bildirilen hormat üçin minnetdarlygymyzy ýetirmäge rugsat ediň! Şu günki ýokary derejeli duşuşyk ählumumy ykdysady ösüşiň gidişine we ugurlaryna gönüden-göni täsir edýän çynlakaý geosyýasy wehimler bilen ýüzbe-...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ YHG-NYŇ 16-NJY SAMMITINE GATNAŞDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu gurama...