AŞGABAT — KAZAN — AŞGABAT GATNAWLARYNDAKY UÇUŞLAR MOSKWA UGRUKDYRYLÝAR

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň 2024-nji ýylyň 2-nji iýunyndan başlap ýatyrylýandygy habar berildi. Bu barada awiakompaniýa resmi saýtynda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasyna uçuşlar Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylar.

Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugry boýunça alynan awiapetekleri Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugryna ulanylyp bilinjekdigi barada habar berildi.

2024-nji ýylyň 2-nji iýunyndan 17-nji iýun aralygynda Aşgabat – Kazan ugry boýunça awiapetekleri bolan ýolagçylar üçin Moskwa şäherinden Kazan aeraportyna çenli mugt we rahat awto ulag bilen üpjün ediler. Şeýle hem, Kazan

– Aşgabat ugry boýunça awiapetegi bolan ýolagçylar üçin Kazan aeraportyndan Moskwa şäheriniň howa menziline çenli mugt we rahat awto ulag bilen üpjün ediler.
«Hormatly ýolagçylar uçuşa hasaba alynýan wagtyndan (petekdebgörkezilen wagtdan 3 sagat öň) Kazan howa menzilen gelmegiňizi Sizden haýyş edýäris, awiapetekleriň ählisi hereket edýär» diýlip, habarda bellenilýär.

Aşgabat — Kazan — Aşgabaty ugurlaryna awiapetekleri alan ýolagçylara:

1. Awiapetegi täzeden resmileşdirmek:
Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugry boýunça resmileşdirilen awiapetekleri, ýolagçynyň islegleri bilen, Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça tölegsiz täzeden ýazylyp beriler. Awiapetekleri kassalarda täzeden resmileşdirilmeginiň zerurlygy ýokdyr. Ýolagçylar awiapetekde görkezilen senä we wagta görä Aşgabat we Moskwa şäherlerindäki halkara howa menzillerine uçuşa hasaba alynýan wagtynda gelmelidirler.
Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugry boýunça resmileşdirilen awiapetekler, ýolagçynyň islegleri bilen Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça tölegsiz başga senä geçirip bilýändigiňiz barada Size habar berýäris.

2. Pul serişdeleriň yzyna gaýtarylmagy:
Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetiriljek gatnawlara awiapetekleri üýtgetmek islemeýän ýolagçylar üçin, Awiakompaniýanyň häzirki hereket edýän düzgünlerine we görkezmelerine laýyklykda tutumsyz doly yzyna gaýtarylar. Pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy diňe awiapetegiň satyn alynan ýurdunda gaýtarylýar.Habarlaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda ýerleşýän agendymyzyň maglumat üçin telefon belgisi.

+8-812-459-98-99

Moskwa:+79032432250

+79151098502

Kazan : +78435005531

Sankt-Peterburg: +78124599899

Hem-de turkmenistanairlines.tm saýtynda görkezilen telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

Aşgabat: +99312230318,

+99312230315,

37-84-52, 37-84-32

Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm