img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNYŇ WEKILLERI RUSSIÝANYŇ HALK HOJALYGY WE DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNYŇ ONLAÝN OKUWLARYNA GATNAŞÝARLAR

img
img
img
img

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işgärleri Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan guralan dolandyryş sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça onlaýn okuw kurslaryna gatnaşýarlar.

Okuwlar iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda 2024-nji ýylda gol çekilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygyň çäklerinde geçirilýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda döwletara ylalaşyklarynyň we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň esasynda halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Okuw maksatnamasy birnäçe bölümden ybarat bolup, ol döwlet dolandyryşynyň täze usullaryny, maliýe meýilnamalaşdyrylyşyny, şeýle hem býujeti we serişdeleri dolandyrmagyň usullaryny öz içine alýar. Maliýe hasabatlaryny seljermek endiklerini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Russiýanyň Halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary diňleýjilere onlaýn okuw seminarlaryny geçirýärler. Olarda döwlet maliýesini dolandyrmakdaky täzelikler, döwlet derejesinde strategik meýilnamalaşdyryş we maksatnamalaýyn dolandyryş usullary, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça ählumumy meýiller ýaly temalara garalýar. Okuw maksatnamasynyň aýratyn bir bölümi maglumatlardan, emeli aňdan we döwlet hyzmatlaryny taslamalaşdyrmak usullaryndan peýdalanýan döwlet dolandyryşynyň täze nesline bagyşlanýar. Şeýle hem diňleýjiler zähmet hukugynyň özgertmeleriniň häzirki zaman meýilleri, zähmet jedelleriniň öňüni almak we olary çözmegiň täze usullary, şol sanda araçylyk (mediatiw) amallary bilen tanyşýarlar. Mundan başga-da, adam serişdelerini strategik taýdan dolandyrmak, emosional aň-paýhasy ösdürmek we halypaçylyk ulgamyny döretmek meselelerine seredilýär.

Nazary sapaklardan başga-da, maksatnama anyk ýagdaýlaryň seljermesini öz içine alýan amaly ýumuşlary hem öz içine alýar. Bellenilişi ýaly, bu ýumuşlar gatnaşyjylara alan bilimlerini hakyky iş şertlerinde ulanmaga we tankydy pikirlenmek ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik berer.

Okuw kursuny tamamlan diňleýjilere hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça şahadatnamalar gowşurylar. Akademiýanyň berýän maglumatyna görä, şeýle okuw çäreleri döwrebap döwlet dolandyryşynyň wezipelerini netijeli çözmäge hem-de häkimiýet edaralarynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.