TÜRKMENISTANYŇ WE MOSKWANYŇ SAZŞYNASLARY «SUNGAT HALKLARYŇ MEDENI ARKALAŞYGYNDA» ATLY MASLAHATDA WE KONSERTDE PIKIR ALYŞDYLAR
2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Moskwa şäherinde Russiýanyň döwlet kitaphanasynyň Paşkow öýüniň binasynda «Sungat halklaryň medeni arkalaşygynda» atly halkara ylmy-amaly maslahat we konsert geçirildi. M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde guralan çäreler Moskwanyň N.Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly X halkara sungat festiwalynyň çäklerinde geçirildi.
Özboluşly sungat baýramçylygynyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň ussat sazşynaslary, medeniýeti öwrenijileri, jemgyýetçilik we ylmy düzümleriň wekilleri, şeýle hem bilermenleri öz ylmy işleri we wideo taslamalary bilen tanyşdyrdylar.
Konsert maksatnamasynda kompozitorlar S.Prokofýewiň we D.Şostakowiçiň eserleri ýerine ýetirildi. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar R.Allaýarowyň, W.Muhatowyň, Ç.Nurymowyň we dünýäniň saz medeniýetine ägirt uly goşant goşan beýleki ussatlaryň özboluşly saz eserlerini diňlediler.
Maslahatda çykyş edenler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň esasy aýdym-saz wakalaryna ünsi çekmek bilen, hödürlenen ylmy işleriň we wideo materiallaryň ýokary ylmy we çeperçilik derejesini bellediler hem-de bu işleriň Merkezi Aziýanyň kompozitorlarynyň gaýtalanmajak saz mirasyny çuňňur öwrenmäge we gorap saklamaga uly goşandyny nygtadylar.