RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Sen

WENGRIÝADA TÜRKMEN ALYMLARY TARAPYNDAN MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI BARADA TÄZE TAPYLAN GOLÝAZMALAR

Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary şahyryň ömri we döredijiligi bilen, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy, edebiýaty we medeni mirasy bilen baglanyşykly çap edilen hem-de golýazmalar çeşmelerini ýüze çykarmakda uly göwrümli işleri alyp barýarlar. Alymlar Russiýa Federasiýasynd...

DOWAMY
pic
2 Sen

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «ARÇMAN» ŞYPAHANASYNDA ALNYP BARYLÝAN IŞLER BILEN TANYŞDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaş...

DOWAMY
pic
1 Sen

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI ÝURDUMYZYŇ TARYHY, ÝAŞ NESLIŇ BORÇLARY BARADA UMUMY SAPAK GEÇDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary we talyplary, mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş s...

DOWAMY
pic
1 Sen

HORMATLY PREZIDENTIMIZ TÄZE BILIM OJAKLARYNYŇ AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDY

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, asylly däbe görä, täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Şanly waka mynasybetli guralýan dabaralaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar, Berkarar döwletiň täze eýýamyny...

DOWAMY
pic
1 Sen

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNYŇ TÄZE BINALAR TOPLUMYNYŇ AÇYLYŞYNA GATNAŞDY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň ýene biri geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we şeýlelikde, täze desga açyldy. Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girdi hem-de Akademiýanyň toplumy bilen tanyşdy. Bu ýerde döwr...

DOWAMY
pic
1 Sen

ABA ANNAÝEW ADYNDAKY HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASY HALKARA ŞAHADATNAMASYNYŇ BIRNÄÇESINE MYNASYP BOLDY

Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Halkara şahadatnalarynyň gowşuruş dabarasy geçirildi. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň prezidenti Marina Seçina ýokary okuw mekdebiniň rektoryna sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýasy bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin...

DOWAMY
pic
1 Sen

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ ARKADAG ŞÄHERINIŇ BILIM EDARALARYNYŇ AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDY

Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanan baýramçylyk dabaralary Arkadag şäherinde dowam etdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriniň birnäçe bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasyny açdy. Hormatly Prezidentimiz dabara ga...

DOWAMY