RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Sen

TÜRKMEN TÜRGENLERI HALKARA ÝARYŞLARYNDA ÜSTÜNLIKLI ÇYKYŞ EDÝÄRLER

27-nji awgustdan 7-nji sentýabry aralygynda Çungju şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçen söweş sungaty boýunça Bütindünýä oýunlarynda dünýäniň 100 döwletinden 4 müňden gowrak türgen hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndy topary gatnaşdy. Şeýlelikde, “Jiu-Jitsu” boýunça ýaryşda biziň ildeşlerimiz üç gezek baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Weronika Rus 63 kg agram derejesinde we Türkmen döwlet gurluşyk-binagärlik institutynyň 3-n...

DOWAMY
pic
7 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA BSG-KY HYZMATDAŞLYGYNYŇ IŞJEŇLEŞDIRILMEGINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA GEÇIREN DUŞUŞYKLARY

2019-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Ženewada, Şweýsariýa Konfederasiýasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýurtlaryň arasynda halkara söwdasynyň we ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi boýunça ýöriteleşdirilenen halkara guramalarynyň we edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça işleri dowam etdirmegiň çäklerinde guraldy. Şunuň bilen baglylykda wekiliýet BSG-nyň, BMG-niň Söwda we ösüş ma...

DOWAMY
pic
6 Sen

NUR-SOLTANDA DOGLUŞYŇ BELLIGE ALYNMAGYNYŇ WE RAÝATSYZLYGYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA MERKEZI AZIÝA SEBITLEÝIN MASLAHATY

2019-njy ýylyň 5-6-njy sentýabrynda Nur-Soltanda, Gazagystanda «Doglanda hiç kim unudylmaly däldir» ady bilen hukuk barabarlygynyň we raýatsyzlygyň öňüniň alynmagynyň meseleleri boýunça Ikinji sebitleýin maslahat geçirildi.  Maslahat BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komiteti (UNHCR) tarapyndan Gazagystan Respublikasyndaky adam hukuklary boýunça Ygtyýarlandyrylan diwan bilen bilelikde BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany...

DOWAMY
pic
5 Sen

GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILLERI TÜRKMENISTAN BILEN HYZMATDAŞLYGA ÝOKARY BAHA BERÝÄRLER

2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orubasary  -  Ýerine ýetiriji sekretary W.A.Guminskiniň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyklyk etmeginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň we çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini belläp geçdiler....

DOWAMY
pic
2 Sen

MAGTYMGULY-PYRAGY ADYNDAKY (ASTRAHAN WELAÝATY) WE A.S.PUŞKIN ADYNDAKY (AŞGABAT Ş.) MEKDEPLERIŇ ARASYNDA ILKINJI WIDEO-KÖPRI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly-Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdebiň we Aşgabat şäheriniň A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň arasynda ilkinji wideo-köpri geçirildi.    Bu çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili, RF-niň Magaryf ministriniň orunbasary P.S.Zenkowiç, Astrahan welaýatynyň Gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji I.Ý.Babuşkin we beýleki adam...

DOWAMY
pic
31 Awg

BAE-DE TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY AÇYLAR

2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerinde (Dubaý şäheri) Baş konsullygyny açmak baradaky Karara gol çekdi. “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edilen bu resminama Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde hem-de ilata ko...

DOWAMY
pic
30 Awg

UNESCAP-YŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA BMG-NIŇ ARAL DEŇZI BASSEÝNI ÜÇIN ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň ştab-kwartirasynda Heläkçilikleriň howpuny peseltmek boýunça Komitetiň altynjy sessiýasynyň barşynda geçirilen «Daşky gurşaw we heläkçilik: Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde boşluklaryň doldurylmagy» atly ugurdaş çäräniň çäklerinde BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä BMG-niň agza-ýurtlarynyň wekiliýetler...

DOWAMY