TÜRKMEN TARAPY YHÖG-NYŇ SEBITLEÝIN DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) Merkezi Aziýa ýurtlarynda hususy pudagyň dikeldilmegine ýardam bermeklige bagyşlanan sebitleýin duşuşyk geçirildi.  

Ministrler derejesinde geçirilen onlaýn duşuşyga YHÖG-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Başlangyjyna gatnaşyjy ýedi ýurduň çökgünlige garşy çäreleriň işlenilip düzülmegine we durmuşa ornaşdyrylmagyna jogapkär döwlet edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň wekilleri, halkara bilermenler, Ýewropa Bileleşiginiň, YHÖG-nyň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wekilçilik etdi.

Onlaýn duşuşygyň barşynda YHÖG-nyň Sekretariatynyň halkara gatnaşyklary boýunça direktory Andreas Şaal, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Ilçi  Peter Buriýan, YHÖG-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Başlangyjyna ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýurduň Hökümeti tarapyndan milli ykdysadyýetiň durnuklylygyny hemmetaraplaýyn goldamak üçin durmuşa geçirilýän çäreri aýratyn belläp, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň  mümkinçiliklerini, şol sanda bilelikdäki çözgütleriň gözlenilmegi we çökünlige garşy syýasatyň işlenilip düzülmeginiň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdy.  

Mundan başga-da sessiýanyň çäklerinde ugurdaş ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi, ol MA ýurtlarynyň Hökümetleri tarapyndan milli ykdysadyýetiň goldanylmagy we hususy pudagyň dikeldilmegi ugrunda durmuşa geçirilen çärelere bagyşlanyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar şonuň ýaly-da koronawirus çökgünliginiň meselelerine we ony ýeňip geçmegiň usullaryna bagyşlanan sowal alyşmalaryna hem gatnaşdylar. Sowallaryň alyşylmagyndan soňra işjeň ýagdaýdaky pikir alyşmalar geçirildi, onuň barşynda çärä gatnaşyjylar kiçi we orta telekeçiligiň çökgünlik ýagdaýlaryndan soňraky goldawy we KOT ulgamyndaky syýasatyň orta we uzakmöhletleýin maksatlaryna mümkingadar täsiri barada gürrüň etdiler.