TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ MASLAHATYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýerine ýetiriji toparynyň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahaty geçirildi.

Bu maslahata Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary wekilçilik etdi.

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda ýer ýüzünde ýüze çykan adamzat ýokanjynyň täze görnüşiniň – COVID-19 koronawirusynyň  dünýä ýetiren ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça birnäçe derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.