RSS

SOŇKY HABARLAR

30 Awg

DEMIR ÝOLUŇ GURLUŞYGY DIKELDILDI

2021-nji 30-njy awgustynda Owganystandaky «Аkina - Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi.  Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda «Kerki - Ymamnazar - Аkina - Аndhoý» demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Owganystanyň «Akina - Andhoý» beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirildi.    Häzirki döwürde bu meýdançada tehniki-gurnama işleri alnyp barylýar we olaryň ýa...

DOWAMY
30 Awg

TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Şu gün, 30-njy awgustda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle-de migrasiýa meselelerine jogapkär guramalarynyň wekilleriniň owgan meselesi boýunça onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşyk awstriýa tarapynyň başlangyjy bilen guraldy we oňa Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri ministri Aleksandr Şallenberg hem-de Awstriýanyň Içeri işler ministri Karl Nehammer wekilçilik etdiler.          Duşuşygyň dowamynda taraplar Owgany...

DOWAMY
30 Awg

TÜRKMENISTAN GÖZEGÇILIK-GOÝBERIŞ NOKATLARYNYŇ TALABALAÝYK IŞLEMEGINI ÜPJÜN ETMEK BABATDA OWGAN TARAPY BILEN IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK EDÝÄR

2021-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn dolandyryş we harby edaralarynyň wekilleri Owganystanyň Farýab welaýatynyň ygtyýarlandyrylan wekilleri, hususan-da, Andhoý, Hançarbag, Gurgan etraplarynyň häkimleri hem-de Akina gümrük nokadynyň başlygy bilen duşuşdylar. Taraplar serhetýaka sebitlerde serhet, gümrük we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça wezipeleriň ýerine ýe...

DOWAMY
30 Awg

TÜRKMENISTAN ÖZÜNIŇ HALKARA YNSANPERWER HUKUGY ULGAMYNDAKY HALKARA BORÇNAMALARYNA YGRARLYDYR

2021-nji ýylyň 29-njy awgustynda, Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklamak bilen, bu gün biziň öňümizde Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen çäkleşýän zolaklarda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak meselelerini öz içine alýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek ýaly derwaýys wezipäniň durýandy...

DOWAMY
30 Awg

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ PARAHATÇYLYK ÝOLLARY BILEN KADALAŞDYRYLMAGY UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR

29-njy awgustda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda, Türkmenistanyň  Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigi aýratyn bellenildi. Türkmenistan hereket edýän şertnamalara laýyklykda, goňşy döwlete elektrik energiýasyny ibermegini dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik energiýasy Owganyst...

DOWAMY
30 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ BAŞLYGY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklap, bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşinde, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” Bilelikdäki...

DOWAMY
28 Awg

KHBS ÜÇIN HABAR

Daşary ýurtlaryň käbir köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasynyň binasynyň golaýynda partlaýjy enjamlar ýüze çykarylan daşary ýurt raýatlarynyň tussag edilendigi barada howaýy maglumat peýda boldy. Şunuň bilen baglylykda, Ilçihana ýokarda beýan edilenler babatynda onda haýsydyr-bir maglumatlaryň ýokdugyny habar berýär.

DOWAMY