TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY ILÇISI B.G.NIÝAZLIÝEWIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY A.Ý.RUDENKO BILEN DUŞUŞYGY BOLDY

2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi B.G.Niýazliýewiň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Ý.Rudenko bilen duşuşygy bolup geçdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depgini işjeň ösüşlere eýe bolýandygyny, bu bolsa dostluk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetine laýyk gelýändigini nygtadylar.
Duşuşykda şu ýylyň ahyryna çenli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibinde duran çäreleri geçirmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy, olary guramaçylyk-protokol we hukuk taýdan taýýarlamagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.