TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY ILÇISI B.G.NIÝAZLIÝEWIŇ RUSSIÝANYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ HALKARA GATNAŞYKLAR BOÝUNÇA KOMITETINIŇ BAŞLYGY G.B.KARASIN BILEN DUŞUŞYGY BOLDY

         2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň binasynda Halkara gatnaşyklar boýunça komitetiň başlygy G.B.Karasin bilen duşuşyk geçirildi.

         Duşuşygyň maksady şu ýylyň noýabr aýynda boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy G.M.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna saparyny taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

         B.G.Karasin häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk uly ösüşlere hem-de strategik häsiýete eýe bolýandygyny nygtady.

         Taraplar şu ýylyň başyndan iki ýurduň arasynda ýokary derejede bolup geçen duşuşyklar barada pikir alyşdylar. Olaryň sanynda iýun aýynda bolup geçen Türkmenistanyň hormatly Prezidenti S.G.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna sapary, onuň şu ýylyň maý aýynda geçirilen «Russiýa-Yslam dünýäsi: Kazan sammiti» atly Halkara ykdysady sammitine gatnaşmagy, Döwlet baştutanlarynyň telefon söhbetdeşlikleri, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň başlygy W.I.Matwiýenkonyň şu ýylyň maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlar dialogynyň forumyna gatnaşmagy bellenildi.

         Şeýle hem, öňümizde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde duran birnäçe möhüm wakalaryň geçiriljekdigi barada nygtaldy.