RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Iýun

PRESS-RELIZ: OWGANYSTANDA AKINA-ANDHOÝ DEMIRÝOLUNYŇ GURLUŞYGYNYŇ GALAN IŞLERI BAŞLANDY

“Türkmendemirýollary” agentliginiň we Owganystanyň Demirýollar guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, 2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler. Türkmen bilermenleri şeýle hem öz ýanlary bilen ähli gerek bolan tehnikalary we enjamlary getirdiler. Akina şäherinde Türkmenistanyň demirýolçularyny Owganystanyň Balh welaýatynyň Demirýollar guramasynyň we beýleki pudak ed...

DOWAMY
7 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ BIRINJI ORUNBASARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi. Türkmenistan BMG-niň ýokary wezipeli wekiliniň ýakynda Täjigistanda geçiriljek “Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde gelen ilkinji ýurdy boldy. Myhman...

DOWAMY
6 Iýun

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 6-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi sapary bilen bagly meseleleri ara...

DOWAMY
6 Iýun

KHBS ÜÇIN HABAR

2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklara görülýän taýýarlygyň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edralarynyň ýolbaş...

DOWAMY
6 Iýun

TÜRKMENISTAN WE BMG DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY UGRUNDA HZYMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGI BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Sekretarynyň Birinji orunbasary, BMG-niň durnukly ösüş boýunça Toparynyň başlygy Amina Jeýn Mohammed bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ähli ulgamlar boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň we Türkmenistanda milli durnukly ösüş maksatlary...

DOWAMY
6 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PAKISTANDAKY ILÇISINIŇ PAKISTANYŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň Pakistanyň täze bellenen Daşary işler boýunça döwlet ministri hanym Hina Rabbani Khar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe ugurlary, aýratyn-da, energiýa, söwda, ulag we beýleki ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Ilçi energiýa ulgamynda strategik taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň, bu ugur boýun...

DOWAMY
4 Iýun

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI GURALAN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY

3-nji iýunda, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýrama gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Ir bilen  «Welosiped» binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,...

DOWAMY