AŞGABAT SAMMITINIŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BILELIKDÄKI BEÝANNAMA KABUL EDILDI
Şu gün paýtagtymyzda birinji üçtaraplaýyn Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirildi. Şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
Bu resminamada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri öz beýanyny tapdy.
Sammitiň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle-de Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan halkara guramalarynyň çäklerinde, aýratyn-da Birleşen Milletler Guramasynda hem-de halkara we sebit meýdançalarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny aýratyn bellediler.