SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERINI WAGYZ ETMEK — DÖWLET SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY
Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün, 2023-nji ýylyň 12-nji awgustynda, ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de “Awaza” sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Säher bilen Günüň dogýan çaglarynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan üçin ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, deňziň kenarynda ýokary ekologik derejäni saklamak boýunça giň gerimli işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Ilatyň saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde berkarar etmek amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu syýasat bolsa durmuş ugurlydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli welosipedli gezelenç etmegi ýaşlar üçin nusgalyk bolmak bilen, tutuş dünýäde meşhurlykdan peýdalanýan hem-de ekologik taýdan arassa bolan welosiped sportuny ýurdumyzda ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek boýunça ajaýyp we asylly däbiň başyny başlady. Bu başlangyç watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda yzygiderli guralýan giň gerimli sport çärelerine uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şol çäreler adamlaryň saglygyny berkitmäge, raýatlarda daşky gurşawa aýawly garamak duýgusyny kemala getirmäge ýardam edýär.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgeleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň, ýurdumyzyň sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, milli we ählumumy derejede durnukly ösüşiň esaslary hökmünde jemgyýetde ekologik dünýägaraýşy berkarar etmek ulgamynda ýurdumyzyň tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň nobatdaky subutnamasydyr. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny alamatlandyrýan bu senäniň döredilmegi parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty wagyz etmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi nobatdaky möhüm ädim boldy. Dünýäniň 62 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Bularyň ählisi parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde abraýynyň barha artýandygyny görkezýär.
2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Aşgabatda welosiped bilen bagly Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen iki çäräniň geçirilendigini bellemek gerek. Şol çäreler, degişlilikde, “Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy” hem-de welosipedçileriň 2019-syny birleşdiren “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş” diýen derejelere mynasyp boldy.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportunyň muşdaklarynyň sanynyň artýandygyny, onuň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigini bellemeli. Munuň özi köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Welosiped ulagyň ýönekeý we elýeterli görnüşi bolmak bilen, gezelenç etmek üçin amatly ulag serişdesi hasaplanýar. Welosiped sürmek boş wagtyňy ýylyň islendik paslynda açyk howada gyzykly, peýdaly geçirmäge mümkinçilik berýär. Ylmyň subut edişi ýaly, welosipedli gezelenç edilende adamyň bedeniniň çydamlylygy, işe ukyplylygy ýokarlanýar, bogunlar we myşsalar, nerw ulgamy berkeýär.
Welosiped sporty bilen meşgullanmak arterial gan basyşyny durnuklaşdyrmaga, ýürek-damar we beýleki keselleriň döremek howpuny azaltmaga ýardam edýär, energiýa çalşygyny kadalaşdyrýar, kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrýar, ynsanyň uzak wagtlap sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, welosipedli gezelenç etmek, ýadawlygy aýyrmaga, artyk kaloriýalardan dynmaga mümkinçilik berýär. Umuman, bularyň ählisi adamyň özüni duýşuna, onuň fiziki hem-de psihologik ýagdaýyna oňyn täsir etmek bilen, bedeniň ähli babatda sagdyn bolmagyna ýardam berýär. Şeýle hem welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşidir. Munuň özi bolsa ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Daşky gurşawa aýawly garamak şol syýasatyň möhüm ugrudyr.
Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda keşbi düýpli özgeren we bagy-bossanlyga bürenen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini synlady. Bu ýerde her ýylda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi esasynda deňziň kenarynda tokaý zolaklarynyň çägi giňedi we seýilgähleriň sany artdy. Adamlaryň gezelenç etmegi, oňaýly dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän dynç alyş zolagynyň şertleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna, halkara görkezijilere doly laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, Diýarymyzyň gözel tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, biodürlüligini baýlaşdyrmak hem-de ylmy taýdan düýpli öwrenmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Awazanyň çäginde döredilen seýilgäh zolaklary, suw çüwdürimleri bu künjegiň ýol-ulag düzümine degişli desgalar we Hazaryň kenarynyň esasy bezegine öwrülen belent başly binalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu bolsa adamlaryň şatlygyna şatlyk goşup, olary täze belentliklere ruhlandyrýar.
Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu ýerde hem bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak, boş wagtyňy peýdaly we işjeň geçirmek üçin ajaýyp serişde bolan welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi bolmak bilen bir hatarda, sport ulagy hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir. Welosipedli gezelençler saglyk üçin örän peýdaly bolmak bilen, daşky gurşawyň gözelligine syn etmäge mümkinçilik berýär. Wagtyňy açyk howada geçirmek, aýratyn-da, säher çagyndaky gezelençler ruhuňy belende göterýär, güýç-kuwwatyňy artdyrýar.
Awazada dynç alýanlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, olaryň saglygyny berkitmekleri üçin ýokary derejede hyzmat edilýändigini bellemek gerek. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin döredilen şertler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol syýasatyň esasy maksady Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da giň ykrarnama eýe bolan ajaýyp däpler “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgeden ugur alýan Arkadagly Serdarymyzyň syýasaty esasynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Hazaryň kenaryndaky bu täsin tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar, bejeriş-sagaldyş bölümlerini öz içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin niýetlenen kottejler, sport toplumlary guruldy we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Amatly howa şertleri hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik hem-de inženerçilik-tehniki pikirden ugur alynmagy, öňde goýlan maksatlara ýetmek babatda oýlanyşykly çemeleşmeler eziz Diýarymyzy halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň we sportuň ykrar edilen merkezine öwürýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz “Awaza” sport toplumyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türgenleşik enjamlarynyň birnäçesinde dürli maşklary ýerine ýetirdi.
Bellenilişi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygyňy berkidýär, adamyň ortaça ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär, işjeňligini üpjün edýär. Şoňa görä-de, sagdyn durmuş ýörelgeleri berkarar bolýan ýurdumyzda sport muşdaklarynyň sany yzygiderli artýar.
Ýöriteleşdirilen sport enjamlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek bedeniň ähli agzalarynyň işjeňligini artdyrýar, gujur-gaýratyňy, ruhubelentligiň ýokarlandyrýar, gan basyşynyň durnuklaşmagyna ýardam edýär. Sport toplumynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemeli. Ol döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ornaşdyrylan köpugurly trenažýorlar dürli ýaşdaky tejribeli türgenler, şeýle hem höwesjeňler üçin netijeli türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär.
Sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar bedeniň taplanmagynda, adam saglygynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Sport enjamlarynda ýerine ýetirilýän maşklaryň kada boýunça dürs ýerine ýetirilmegi aýratyn wajypdyr. Munuň özi saglygyňy berkitmekde ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşmek bilen, sportuň dürli görnüşlerini höweslendirmek we wagyz etmek meselelerini hem hemişe üns merkezinde saklaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty wagyz etmek, halkara derejeli iri sport döwleti hökmünde Türkmenistany ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de oňa ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Munuň özi öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň esasy şerti bolup durýar. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak saglygy hemmetaraplaýyn berkidýär. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär.
Bu gün Diýarymyzda sportuň ösüşi täze derejä çykdy. Türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” sport toplumynda dürli maşklary ýerine ýetirip, bu ýerden ugrady.