img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

MOSKWA ŞÄHERINDE «ÖZGERÝÄN DÜNÝÄDE MEDIANYŇ ÖSÜŞI» ATLY GDA-NYŇ V MEDIA FORUMY GEÇIRILDI

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň wekili Moskwa şäherinde geçirilen «Özgerýän dünýäde medianyň ösüşi» atly GDA-nyň V media forumyna gatnaşdy. Çäre Arkalaşyga agza ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň, ýöriteleşdirilen edaralaryň, ylmy-barlag merkezleriniň we KHBS-iň wekillerini bir ýere jemledi.

Foruma gatnaşyjylar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösüşiniň möhüm meselelerini, mediada hünär etikasynyň ähmiýetini we žurnalistikada emeli aň tehnologiýalaryny peýdalanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzda guralan çärelere aýratyn üns berildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA agza ýurtlaryň Döwlet we jemgyýetçilik teleradio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň hem-de Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwletara habarlar pulunyň Administratiw geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň orny bellenildi.

Media forumynyň çäklerinde diplomatik wekilhanalaryň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleriniň iş duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar maglumat babatynda özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerine garadylar we Arkalaşygyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň aýratynlyklary dogrusynda pikir alyşdylar.