ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Aşgabada iş sapary bilen geldi.

17-nji fewralda saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.  

Şeýle hem saparyň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Diplomatlar syýasy-diplomatik ugry boýunça döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler. Ýokary derejedäki saparlary guramagyň derwaýyslygy nygtaldy, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligi bellenilip geçildi.

Taraplar sebitleýin hyzmatdaşlyga, şol sanda halkara guramalaryndaky gatnaşyklaryna aýratyn üns bermek bilen ikitaraplaýyn gün tertibine degişli wajyp meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň, YHG-nyň, AHHG-nyň we beýleki guramalaryň çäklerindäki özara hereketlere seredilip geçildi. Diplomatlar sebitde we onuň çäginden daşarda howpsuzlygy, durnuklylygy hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşi saklamak babatynda garaýyşlarynyň birmeňzeşligini tassykladylar. 

Suw serişdelerini ulanmak ulgamynda bilelikdäki hereketleriň giňeldilmegi bilen birlikde, ekologiýa tematikasy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem seredilip geçildi.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýagdaýyna seredip geçdiler, bu ugurda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-özbek toparynyň derwaýyslygy bellenildi. Iki ýurduň söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, ykdysady integrasiýanyň ilerledilmegi babatynda sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň ulanylmagyna ygrarlydyklary nygtaldy.  

Diplomatlar saglygy goraýyş ulgamy bilen birlikde medeni-yndanperwer hyzmatdaşlygyny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýyl üçin bilelikdäki çäreleri guramagyň, şol sanda iki ýurduň taryhy-medeni mirasynyň saklanylmagy we ýaýbaňlandyrylmagy boýunça işleri geçirmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Taraplar iki ýurduň we halkyň bähbidine gönükdirilen türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin işjeň özara hereketleri hem-de hyzmatdaşlygy dowam etmek babatynda ylalaşdylar.

Geňeşmeleriň netijeleri boýunça Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekildi.