img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA BIRINJI HAZAR EKOLOGIÝA SAMMITI GEÇIRILDI

photo

2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyzyň baş-langyjy boýunça 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriň ilkinji sammiti sebit dialogyny ösdür-mekde möhüm ädim boldy. Şeýle hem 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilendigini bellemek ge-rek.
Gadymy Hazaryň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak we onuň ekologik abadançylygyny üpjün et-mek Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Howanyň äh-lumumy üýtgeýän şertlerinde ýurdumyz Hazar deňziniň ekologiýa gün tertibine diňe bir daşky gurşawy gorama-gyň meselesi hökmünde däl-de, eýsem, tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň we abadançylygynyň binýatlaýyn esasy hökmünde garaýar. Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň we döredijilikli orun eýelemek bilen, tebigaty goramak boýunça giň möçberli başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň bu netijeli çemeleşmesi ekologiýa we ykdysadyýet düşünjeleriniň biri-birine baglydygyna, şeýle hem Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini gorap saklamak üçin äh-li kenarýaka döwletleriň we halkara institutlaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyna çuňňur düşünýändigin-den gelip çykýar.
Türkmen döwletiniň öňe sürýän Hazar ekologik başlangyjy bu ugurda möhüm ädim boldy. Bu giň möç-berli taslama deňiz gurşawynyň ýagdaýyna toplumlaýyn gözegçilik etmek, onuň hapalanmagynyň öňüni almak we ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini gorap saklamak üçin Hazarýaka döwletleriň ylmy kuwwatyny, tehnologik çözgütlerini we kadalaşdyryjy-hukuk gurallaryny birleşdirýän halkara gurala öwürmäge gönükdirilendir.
Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) düzgünlerini durmuşa geçirmek Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynda aýratyn orun eýeleýär. Ýurdumyz bu binýatlaýyn resminamany institusional taýdan pugtalandyrmak, taraplaryň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek we daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek boýunça teswirnamalary netijeli ornaşdyrmak ugrunda çykyş edýär.
Türkmenistanyň bu ýokary jogapkärçilikli çemeleşmesi milli derejede hem öz beýanyny tapýar. Hazar deňziniň türkmen kenarynda senagat desgalarynyň, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamalary durmuşa geçirilende deňiz biosferasyna ýaramaz täsiri aradan aýyrýan “ýaşyl” tehnologiýalar we standartlar ula-nylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ekologiýa howpsuzlygynyň kadalaryna laýyklykda ösdürilip, häzirki wagtda şypahana infrastrukturasynyň we tebigatyň ajaýyp sazlaşygynyň nusgasyna öwrüldi.
Bioserişdeleri gorap saklamak bilen bir hatarda, Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgäp durmagy we ho-wanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak bilen baglanyşykly meseleler hem ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Türkmenistan Hazar deňzinde yzygiderli ylmy-barlaglary geçirmegiň we uzak möh-letli geljek üçin bir bitewi öňüni alyş strategiýasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyna dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda BMG-niň düzümleriniň ünsüni çekýär.
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Hazar ekologiýa sammiti hem ählumumy ekolo-giýa gün tertibini ilerletmekde möhüm waka bolup durýar. Bu forumyň hut Awazada geçirilmegi parahatçylyk dö-redijiligiň we ynanyşykly dialogyň merkezi hökmünde ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyny tassyklaýar. Sammi-tiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütler köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berip, Hazar deňzini geljekki nesiller üçin gorap saklamaga ýardam berer.
“Awaza” toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjy döwletleriň wekiliýet Baştutanlaryny mähirli garşylady.
Bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Hazar ekologiýa sammiti öz işine başlady.
Döwlet Baştutanymyz Hazarýaka döwletleriň Prezidentlerini Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekläp, Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şu günki waka aýratyn ähmiýete eýedir. Hazaryň ekologiýa meselesi aýratyn ugur hökmünde iň ýokary döwlet derejesinde ara alyp maslahatlaşmaga çykaryldy. Meniň pikirimçe, munuň özi Hazarýaka ýurtlaryň ýolbaş-çylarynyň ýokary jogapkärçilik derejesini görkezýär, emele gelen ýönekeý bolmadyk ekologiýa ýagdaýyny düzet-mek, durnuklylaşdyrmak hem-de kadaly ýagdaýa getirmek üçin yzygiderli, toplumlaýyn, wagt babatynda çäklen-dirilmedik çäreleri hem-de tagallalary görmegiň zerurdygyna göz ýetirilýändigini tassyklaýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we muny diňe biziň umumy öýümiz hem-de bahasyna ýetip bolmajak mirasymyz bolan Hazar deňzini, onuň täsin tebigy baýlyklaryny hem-de bioköpdürlüligini gorap saklamak işinde hoşniýetli goňşulara, dostlara hem-de pikirdeşlere mahsus bolan bilelikde, açyk, ynanyşmak hem-de netijeli pikir alyşmak ýagdaýynda gazanyp boljakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ilkinji bolup Hazar ekologiýa başlangyjyny öňe sürmek hem-de onuň çäklerinde Hazar ekologiýa forumyny çagyrmak bilen, şeýle ýörelgelerden ugur alandygyny belläp, ähli Hazarýaka döwletlere ýurdumyzyň başlangyjyna düşünýändikleri hem-de goldaýandyklary we onuň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň meseleleri boýunça Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň de-rejesinde topary döretmek baradaky teklibi goldaýarys. Bu topar hakyky ylmy maglumatlar esasynda suwuň pesel-megi bilen baglanyşykly oňaýsyz ýagdaýlara garşy durmak boýunça ylalaşylan çäreleri işläp taýýarlamaly hem-de teklip etmeli diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we bu wezipäni gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin tabşyryk bermegi teklip etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin onuň ýanynda alym-lardan, bilermenlerden, hünärmenlerden hem-de bäş ýurduň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat ýöriteleşdi-rilen iş toparlaryny döretmegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu teklipleri doly goldaýandygyny hem-de toparyň işine işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy we onuň ilkinji mejlisini 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirmegi teklip etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan şeýle hem Hazar deňziniň suw serişdelerini goramagyň Döwletara maksatna-masyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy goldaýar. Bu başlangyç Hazar deňziniň bioserişdelerini gorap sak-lamak hem-de rejeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň garaýşyna doly laýyk gelýär.
Döwlet Baştutanymyz bäştaraplaýyn gurallaryň döredilmeginiň, hökümet we pudaklaýyn edaralar dereje-sinde utgaşykly çäreleriň kabul edilmeginiň, beýleki ähmiýetli hem-de zerur bilelikdäki tagallalaryň esas goýujy resminamalara — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýa, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gora-mak boýunça Çarçuwaly konwensiýa, şeýle hem Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitleriniň barşynda gazanylan ylalaşyklara esaslanmalydygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň bu resminamalara hem-de çözgütlere ygrarlydygyny nygtady. Bu resminamalaryň ruhuna hem-de mazmunyna eýermek, ylalaşylan maksatlary we wezi-peleri jogapkärli berjaý etmek Hazar ekologiýa meselesiniň her bir ugry boýunça üstünlik gazanmaga mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Tähran konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň ýedinji maslahatynyň üstünlikli geçendigini belläp, onuň dowamynda möhüm çözgütleriň, şol sanda hyzmatdaşlygyň bu formatynyň çäklerinde suwuň derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça bilelikdäki işlere de-gişli çözgütleriň kabul edilendigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz şunuň bilen birlikde, bäştaraplaýyn görnüşde netijeli çäreleriň kabul edilmegi bi-len bir hatarda, halkara düzümler bilen anyk işleriň geçirilmegini ýola goýmagyň möhümdigini belläp, Türkmenis-tanyň ähli Hazarýaka döwletleriň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary goldamak babatynda BMG-niň düzümle-ri, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dialogy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini aýt-dy.
Hazarýaka döwletleriň jebisligi biziň esasy güýjümizdir. Bu jebislik köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk ýö-relgelerine, deňze belent sarpa goýýan hem-de ony söýýän halklarymyzyň aýratyn Hazar ruhuna hem-de dünýäga-raýşyna esaslanýar. Biz bu täsin deňzi parahatçylygyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi hökmünde gorap saklamalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu gün bäştaraplaýyn dialogyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny, bu duşu-şygyň möhüm mesele — Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi boýunça ulgamlaýyn netijeli işiň badalga nokady boljakdygyny, ekologiýa gün tertibiniň beýleki ugurlary boýunça dogry ýoly salgy berjekdigini nygtady we şunuň bilen baglylykda, Hazar ekologiýa sammitini hyzmatdaşlygyň hemişelik hereket edýän platformasyna öwürmegi teklip etdi.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Hazarýaka döwletleriň Prezidentlerine hyzmatdaşlyga netijeli çemeleşýändikleri hem-de bilelikdäki işe taýýardyklary üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berdi.
Prezident Ilham Aliýew Hazar ekologiýa sammitini geçirmek baradaky başlangyjy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de bu sammitiň Hazar deňziniň ekologiýa meselelerini çözmekde özara hyz-matdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, asyrlaryň dowamynda Hazar deňzi ke-narýaka ýurtlary we olaryň halklaryny birleşdirip gelýär. Häzirki wagtda Hazaryň ykdysady we strategik ähmiýeti has-da artýar. Hazar deňzi arkaly wajyp ulag we energiýa geçelgeleri döredilýär, iri halkara taslamalar amala aşy-rylýar. Şeýle şertlerde Hazar giňişligini parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň zolagy hök-münde saklap galmak wajypdyr. Munuň özi Hazarýaka döwletleriň ählisiniň bähbitlerine doly laýyk gelýär we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur şertleri döredýär. Şol bir wagtyň özünde, onuň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns bermek möhüm talap bolup durýar. Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny goramak ke-narýaka döwletleriň ählisiniň umumy wezipesidir. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyz tarapyndan giň şertna-ma-hukuk binýady kemala getirildi. 2018-nji ýylda gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwen-siýa taryhy ähmiýete eýedir. Ol Hazarýaka döwletleriň köp ýyllyk bilelikdäki zähmetiniň netijesi boldy.
Şunuň bilen bir hatarda, Prezident Ilham Aliýew Hazar deňziniň häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan ekolo-giýa meseleleri barada belläp geçdi hem-de bu ugurda Hazarýaka döwletleriň tagallalaryny mundan beýläk-de bir-leşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşy üçin Prezident Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirip, doganlyk Azerbaýjan üçin bolşy ýaly, Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak meseleleriniň Türkmenistanyň içeri we da-şary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadygyny belledi hem-de ýurdumyzyň Hazar ekologiýa gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny tassykla-dy.
Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana söz berildi.
Prezident Masud Pezeşkian sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bu duşuşyga gatnaşmaga döredi-len mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de sammitiň diňe bir özara düşünişmek bara-da däl, eýsem, halklarymyzyň umumy ykbaly, geljekki nesillerimiziň öňündäki wezipeler hem-de dünýäniň iň gymmatly tebigy miraslarynyň biri baradaky taryhy jogapkärçilik barada gepleşik geçirmäge mümkinçilik döred-ýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, kenarýaka döwletleriň umumy mirasy bolan Hazar deňzi häzirki wagtda düýpli we barha artýan wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Suwuň derejesiniň yzygiderli peselmegi we hapalanmagy, ho-wanyň üýtgemegi, tebigy ýaşaýyş zolaklarynyň bozulmagy, deňiz serişdeleriniň azalmagy, biodürlüligiň köp sanly görnüşlerine ýitip gitmek howpunyň abanmagy uly ünsi talap edýän meselelerdir. Munuň özi diňe bir ekologik mesele bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebit üçin ykdysady, durmuş, ynsanperwer we hatda howpsuzlyk mesele-sine öwrüldi.
Prezident Masud Pezeşkian hiç bir ýurduň ýekelikde bu wehimleriň öňüni alyp bilmejekdigini, bu ugurda tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Hazar deňzini goramak, ilki bilen, umumy syýasy erki, yzygiderli hyzmatdaşlygy we ähli kenarýaka ýurtlaryň utgaşykly hereketlerini talap ed-ýär. Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürme-giň möhüm ugurlaryny we ilkinji nobatdaky wezipelerini beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz baý mazmunly çykyşy üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine minnetdar-lyk bildirip, Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramaga aýratyn üns bermegi dowam etmegiň möhümdigini belle-di hem-de Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi bilen bagly meseläni çözmegiň özara hyzmatdaşlygyň iň wajyp ugurlarynyň biridigini, bu babatda hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli ýollaryny gözlemegiň zerurdy-gyny aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berdi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Hazar ekologiýa sammitini geçirmek baradaky başlangyjy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Hazaryň ýurtlarymyzyň halklary üçin strategik ähmiýetine ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, Hazar — bu özboluşly tebigy genji-hazynadyr, bütin Ýewraziýa kontinentiniň esasy ulag we energiýa mer-kezidir. Şonuň üçin Hazar deňziniň ekologiýa ulgamyny gorap saklamak, ilkinji nobatda, Hazarýaka döwletleriň aýratyn çemeleşmesini talap edýär.
Hazaryň ýüzbe-ýüz bolýan wehimleri diňe bir ekologiýa bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady ýagdaýdyr we bu ýagdaýyň netijelerini aradan aýyrmak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmek zerurdyr. Eger-de degişli işler ge-çirilmese, bu ekologik ýagdaý diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň däl, eýsem, bütin halkara bileleşigiň aba-dançylygyna zyýan ýetirer.
Suwuň derejesiniň peselmegi, howanyň üýtgemegi we antropogen täsir deňziň tebigy ulgamyna we bio-köpdürlüligine ýaramaz täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýurtlarymyz-da Hazar deňzini gorap saklamak ugrunda tagalla etmek üçin ähli zerur şertleriň, ýagny syýasy dialogyň, halkara hukuk binýadynyň, degişli institutlaryň we ylmy tejribäniň bardygyny aýdyp, bu mümkinçiliklerden netijeli peýda-lanmagyň zerurdygyny belledi.
Çykyşynyň ahyrynda Gazagystanyň Prezidenti bilelikdäki tagallalar bilen Hazar deňzini goramak arkaly halklarymyzyň abadançylygynyň we umumy geljeginiň durnuklylygynyň üpjün ediljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, bu ugurda işjeň zähmet çekmegiň zerurdygyny, ylmy maglumatlary alyşmagyň, bilelikdäki barlaglaryň, zerur infrastruktura-ny ösdürmegiň we döwrebap gözegçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň Hazar deňziniň möhüm meselelerini çözmek ugrunda wajyp serişdeler bolup durýandygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bilelikdäki işe ýokary baha berýändigini aýdyp, tebigy we antropogen täsirleri aradan aýyrmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berildi. RF-niň Prezidenti hemmeleri mä-hirli mübärekläp, türkmen tarapynyň birinji Hazar ekologiýa sammitini geçirmek barada möhüm başlangyç bilen çykyş edendigini aýtdy we bu başlangyjyň ähmiýetini belledi. Bellenilişi ýaly, Hazar deňzi kenarýaka döwletler üçin uly tebigy, ykdysady, ulag we taryhy-medeni ähmiýete eýedir. Ýurtlarymyz Hazar deňziniň ekoulgamyny go-ramak boýunça hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Bu işe Hökümet, işewürlik we jemgyýetçilik düzümleri, şeýle hem ugurdaş ylmy hünärmenleriň giň gurşawy işjeň çekildi.
Deňiz derejesiniň peselmegi Hazar sebitiniň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär. Bu Haza-ryň üstaşyr logistika geçelgeleriniň maýa goýum özüne çekijiliginiň peselmegine, munuň bolsa, öz gezeginde, ila-tyň ýaşaýyş derejesiniň peselmegine, iş orunlarynyň ýitirilmegine we beýleki çylşyrymly ýagdaýlaryň döremegine getirip biler. Howanyň üýtgemegi hem bu meseläni has-da çylşyrymlaşdyrýar. Ortaça ýyllyk temperaturanyň ýo-karlanmagy suwuň ýüzüniň bugarmagynyň işjeňleşmegine, düşýän ygal mukdaryna we guýulýan derýalaryň suw akymyna täsir edýär. Bu bolsa ýurtlarymyzdan Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak boýunça bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Wladimir Putin halkara düzüm-leriň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.
RF-niň Prezidenti Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmeginiň sebäplerini ýüze çykarmak we onuň ýaramaz netijeleriniň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamagyň möhümdigini aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilen işler barada belledi hem-de Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriň arasynda hyzmat-daşlygy ösdürmäge we Hazaryň ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdi.
Döwlet Baştutanymyz çuň mazmunly çykyşy üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip, häzir-ki wagtda Hazar deňziniň ekologik meseleleriniň öňkülerden hem has köp ünsi talap edýändigini aýtdy we Haza-ryň soňky ýüz ýylyň dowamynda iň pes derejä ýetendigini, bütin dünýäde howanyň üýtgemeginiň Hazaryň suw deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýändigini, deňziň özboluşly ekoulgamyny saklap galmak üçin bilelikdäki zähmeti dowam etmegiň we tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Hazar deňziniň gurşawyny goramak we ondan netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy hem-de dostluk, özara düşünişmek we hoşniýetli goňşuçylyk ruhundaky çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hazar deňzi biziň umumy baýlygymyzdyr we ol hemişe onuň kenarynda ýaşaýan halklary birleşdirýän pa-rahatçylyk we ylalaşyk deňzi bolmalydyr. Hazar deňzinde biziň umumy maksatlarymyz bar. Onuň serişdelerini, özboluşly biologik köpdürlüligini gorap saklamak hem-de artdyrmak şol maksatlaryň biridir. Şu günki forum hem bäştaraplaýyn tagallalary birleşdirmekde möhüm ädim bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu gün-ki mejlisiň bu ugurdaky işlere itergi berjekdigine, anyk ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge, Hazar deňzinde ylala-şylan we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýany işläp taýýarlamak üçin mehanizmleri döretmäge ýardam berjek-digine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow foruma işjeň we netijeli gatnaşandyklary üçin hemmele-re minnetdarlyk bildirip, Hazar ekologiýa sammitini ýapyk diýip yglan etdi.
Soňra Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Hazar ekologiýa sammitiniň netijeleri boýunça Çözgüdine gol çekildi hem-de Hazar ekologiýa sammitinde Başlyklyk edijiniň Beýannamasy kabul edildi.
***
...“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky halkara çäreler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, Hazar ekologi-ýa sammitiniň üstünlikli geçirilmegi hem-de şol ýokary derejedäki duşuşyklarda möhüm çözgütleriň kabul edilme-gi bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, “Awaza” milli sy-ýahatçylyk zolagynda giň möçberli halkara çäreleriň üstünlikli geçirilmeginiň ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde başlangyçly orun eýeleýändigini görkezendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza ugrady.
Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hor-matly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Şeýlelikde, Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenarynda ýokary derejedäki çäreleriň üstünlikli geçirilmegi halkara diplomatiýanyň we netijeli dialogyň ykrar edilen merkezi hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornunyň barha pugtalandyrylýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.