img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

EKOLOGIÝA BAŞLANGYÇLARY: TÜRKMENISTAN HAZAR DEŇZINIŇ ÖZBOLUŞLY SUW GIŇIŞLIGINI GORAMAK BOÝUNÇA TÄZE BAŞLANGYÇLARY DOLY GOLDADY

photo

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar ekologiýa sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň ekologik meselelerini netijeli çözmäge we onuň ekoulgamyny gorap saklamaga gönükdirilen birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ilkinji bolup Hazar ekologiýa başlangyjyny öňe sürmek hem-de onuň çäklerinde Hazar ekologiýa forumyny çagyrmak bilen, şeýle ýörelgelerden ugur alandygyny belläp, ähli Hazarýaka döwletlere ýurdumyzyň başlangyjyna düşünýändikleri hem-de goldaýandyklary we onuň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Hazar deňziniň suwunyň derejesi bilen bagly meseleler boýunça Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde topary döretmek baradaky başlangyjy goldady.

«Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň meseleleri boýunça Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde topary döretmek baradaky teklibi goldaýarys. Bu topar hakyky ylmy maglumatlar esasynda suwuň peselmegi bilen baglanyşykly oňaýsyz ýagdaýlara garşy durmak boýunça ylalaşylan çäreleri işläp taýýarlamaly hem-de teklip etmeli diýip hasap edýäris. Bu wezipäni gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin tabşyryk bermegi teklip edýäris. Şeýle hem toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin onuň ýanynda alymlardan, bilermenlerden, hünärmenlerden hem-de bäş ýurduň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat ýöriteleşdirilen iş toparlaryny döretmek teklip edilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu teklipleri doly goldaýandygyny hem-de toparyň işine işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy we onuň ilkinji mejlisini 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirmegi teklip etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan şeýle hem Hazar deňziniň suw serişdelerini goramagyň Döwletara maksatna-masyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy goldaýar. Bu başlangyç Hazar deňziniň bioserişdelerini gorap sak-lamak hem-de rejeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň garaýşyna doly laýyk gelýär.

«Hazarýaka döwletleriň jebisligi biziň esasy güýjümizdir. Bu jebislik köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, deňze belent sarpa goýýan hem-de ony söýýän halklarymyzyň aýratyn Hazar ruhuna hem-de dünýä-garaýşyna esaslanýar. Biz bu täsin deňzi parahatçylygyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi hökmünde go-rap saklamalydyrys» diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda aýtdy.