img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ HAZAR EKOLOGIÝA SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY

photo

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýet agzalary!
Gadyrly dostlar!


Hazarýaka döwletleriň Prezidentlerini Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekleýärin. Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin.


Şu günki waka aýratyn ähmiýete eýedir. Hazaryň ekologiýa meselesi aýratyn ugur hökmünde iň ýokary döwlet derejesinde ara alyp maslahatlaşmaga çykaryldy. Meniň pikirimçe, munuň özi Hazarýaka ýurtlaryň ýolbaş-çylarynyň ýokary jogapkärçilik derejesini görkezýär, emele gelen ýönekeý bolmadyk ekologiýa ýagdaýyny düzet-mek, durnuklylaşdyrmak hem-de kadaly ýagdaýa getirmek üçin yzygiderli, toplumlaýyn, wagt babatynda çäklen-dirilmedik çäreleri hem-de tagallalary görmegiň zerurdygyna göz ýetirilýändigini tassyklaýar. Muny diňe biziň umumy öýümiz hem-de bahasyna ýetip bolmajak mirasymyz bolan Hazar deňzini, onuň täsin tebigy baýlyklaryny hem-de bioköpdürlüligini gorap saklamak işinde hoşniýetli goňşulara, dostlara hem-de pikirdeşlere mahsus bolan bilelikde, açyk, ynanyşmak hem-de netijeli pikir alyşmak ýagdaýynda gazanyp boljakdygyna ynanýaryn.


Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ilkinji bolup Hazar ekologiýa başlan-gyjyny öňe sürmek hem-de onuň çäklerinde Hazar ekologiýa forumyny çagyrmak bilen, şeýle ýörelgelerden ugur aldy. Men ähli Hazarýaka döwletlere biziň başlangyjymyza düşünýändikleri hem-de goldaýandyklary we onuň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Hormatly foruma gatnaşyjylar!


Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň meseleleri boýunça Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň de-rejesinde topary döretmek baradaky teklibi goldaýarys. Bu topar hakyky ylmy maglumatlar esasynda suwuň pesel-megi bilen baglanyşykly oňaýsyz ýagdaýlara garşy durmak boýunça ylalaşylan çäreleri işläp taýýarlamaly hem-de teklip etmeli diýip hasap edýäris. Bu wezipäni gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin tabşyryk bermegi teklip edýäris. Şeýle hem toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin onuň ýanynda alymlardan, bilermenler-den, hünärmenlerden hem-de bäş ýurduň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat ýöriteleşdirilen iş toparlaryny döretmek teklip edilýär.


Türkmenistan bu teklipleri doly goldaýar hem-de toparyň işine işjeň gatnaşar. Şeýle hem biz Toparyň bi-rinji mejlisini 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirmegi teklip edýäris.
Türkmenistan şeýle hem “Hazar deňziniň suw serişdelerini goramagyň Döwletara maksatnamasyny” işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy goldaýar. Bu başlangyç Hazar deňziniň bioserişdelerini gorap saklamak hem-de rejeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň garaýşyna doly laýyk gelýär.
Hormatly döwlet Baştutanlary!


Bäştaraplaýyn gurallaryň döredilmeginiň, hökümet we pudaklaýyn edaralar derejesinde utgaşykly çärele-riň kabul edilmeginiň, beýleki ähmiýetli hem-de zerur bilelikdäki tagallalaryň esas goýujy resminamalara — Ha-zar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýa hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa, şeýle hem Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitleriniň barşynda gazanylan yla-laşyklara esaslanmalydygyna ynanýaryn. Türkmenistan bu resminamalara hem-de çözgütlere ygrarlydygyny tas-syklaýar. Bu resminamalaryň ruhuna hem-de mazmunyna eýermek, ylalaşylan maksatlary we wezipeleri jogapkär-li berjaý etmek bize Hazar ekologiýa meselesiniň her bir ugry boýunça üstünlik gazanmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Tähran konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň ýedinji masla-hatynyň üstünlikli geçendigini bellemek isleýärin. Onuň dowamynda möhüm çözgütler, şol sanda hyzmatdaşlygyň bu formatynyň çäklerinde suwuň derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça bilelikdäki işlere degişli çözgütler kabul edildi.


Şunuň bilen birlikde, bäştaraplaýyn görnüşde netijeli çäreleriň kabul edilmegi bilen bir hatarda, halkara düzümler bilen anyk işleriň geçirilmegini ýola goýmak möhümdir. Ähli Hazarýaka döwletleriň gatnaşmagynda bi-lelikdäki taslamalary goldamak babatynda BMG-niň düzümleri, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dialogy mun-dan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýäris.
Hazarýaka döwletleriň jebisligi biziň esasy güýjümizdir. Bu jebislik köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk ýö-relgelerine, deňze belent sarpa goýýan hem-de ony söýýän halklarymyzyň aýratyn Hazar ruhuna hem-de dünýäga-raýşyna esaslanýar. Biz bu täsin deňzi parahatçylygyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi hökmünde gorap saklamalydyrys.


Şu gün biz bäştaraplaýyn dialogyň hil taýdan täze derejesine çykýarys. Bu duşuşyk möhüm mesele — Ha-zar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi boýunça ulgamlaýyn netijeli işiň badalga nokady bolar, ekologiýa gün tertibiniň beýleki ugurlary boýunça dogry ýoly salgy berer diýip tassyklamaga bizde doly esas bar. Şonuň üçin hem Hazar ekologiýa sammitini hyzmatdaşlygyň hemişelik hereket edýän platformasyna öwürmegi teklip ed-ýärin.


Hormatly Prezidentlere hyzmatdaşlyga netijeli çemeleşýändikleri hem-de bilelikdäki işe taýýardyklary üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirýärin.
(«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabry)