TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda, ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hu...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda, haj parzynyň dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, Prezident Wladimir Pu...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY KERAMATLY MEKGE TOPRAGYNA UGRADY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow haj parzynyň däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna sapar bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyz sapara ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbet...
ÝURDUMYZDA ILKINJI “AKYLLY” ARKADAG ŞÄHERINIŇ AÇYLYŞY MYNASYBETLI DABARALARA BADALGA BERILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralara badalga berildi. Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglerine, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary ü...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi belent ahlaklylygyň, ruhy tämizligiň hem-de ynsanperwerligiň ajaýyp baýramy bolan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gözbaşy müňýyllyklardan gaýdýan bu baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň şanly ýeňişleriň, şöhratly ösüşleriň ýurdy hökmünde at-abraýy dünýä dolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana bolan söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Gurban baýramy b...
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Hormatly alymlar we döredijilik işgärleri! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyljak şanly wakalara — döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp...
ПОСТПРЕД ТУРКМЕНИСТАНА ПРИ ООН – О ЖЕНЩИНАХ В ДИПЛОМАТИИ, КОМПРОМИССАХ И ЭМПАТИИ
С 1995 года число женщин-постпредов в ООН выросло с 7 до 38. «Медленный, но прогресс все-таки есть», – считает чрезвычайный и полномочный посол Аксолтан Атаева, которая представляет Туркменистан в ООН на протяжении вот уже 28 лет и является дуайеном дипломатического корпуса в Нью-Йорке. Служба новостей ООН опубликовала интервью с Аксолтан Тораевной по случаю Международного дня женщин в дипломатии, который отмечается 24 июня: — Вы уже много лет возглавляете миссию Туркменистана в ООН. Стало ли...