TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň binasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany BMG-niň Baş sekretary mähirli garşylady. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hormatly Prezidentim...
TÜRKMEN WEKILIÝETI ASTRAHAN ŞÄHERINDE GEÇIRILÝÄN HAZAR MEDIAFORUMYNA GATNAŞAR
18-19-njy sentýbarda Russiýanyň Astrahan şäherinde Hazar mediaforumy geçirilýär. Onuň çäklerinde «Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi. Täze durmuş — täze mümkinçilikler» atly ara alyp maslahatlaşmalar guralar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Hazar mediaforumy Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Russiýadan we Türkmenistandan, şeýle hem Belarusdan, Hindistandan, Gyrgyzystandan we Özbegistan...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW IŞ SAPARY BILEN NÝU-ÝORKA UGRADY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna eýerýän Türkmenistan döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň çäkle...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK HÄKIMIÝETLILIGINIŇ TÄZE DÖWREBAP NUSGASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarynda ägirt uly ösüşleri, öňegidişlikleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltdi. Türkmenistanda döwletimizi we jemgyýetimizi munda...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNY ESASLANDYRYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ SAMMITINE GATNAŞDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda, Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Ol köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berer, sebitiň durnukly ösüşi...
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW OLEG KONONENKO ŞOWLY WE HOWPSUZ UÇUŞY ARZUW ETDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko we öz ömrüni kosmonawtika bilen baglan ähli adamlara bütin adamzadyň ösüşine gönükdirilen gaýduwsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Häzirki zaman dünýäsinde kosmonawti...
SERDAR BERDIMUHAMEDOW BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝANYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA TÜRKMENISTANYŇ ÖŇE SÜRJEK BAŞLANGYÇLARYNY BEÝAN ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda dünýä bileleşiginiň garamagyna birnäçe başlangyçlary, şol sanda Merkezi Aziýany ösdürmek bilen gönüden-göni bagly başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, birinjiden, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziý...