TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-GERMAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY: YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARY ANYKLAŞDYRYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 29-njyi sentýabrynda, GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän işewürlik duşuşyklarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin m...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «MERKEZI AZIÝA + GERMANIÝA» GÖRNÜŞINDÄKI WEKILIÝETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
Şu gün Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşykda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Resp...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK SPORT TOPLUMYNDAKY BAÝRAMÇYLYK DABARALARYNA GATNAŞDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Her ýyl ýurdumyzda baş baýramymyzyň hormatyna geçirilýän at çapyşyklary baýramçylyk dabaralarynyň öwüşginini has-da artdyryp, döwürleriň arabaglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, mähriban halkymyzyň gadymy milli däplere ygrarlylygyny alam...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda, agzybir türkmen halky Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 32 ýyllygyny uly buýsanç bilen belleýär. Asylly däbe görä, esasy baýramçylyk çäreleri häzirki we geljek nesilleriň ýadynda müdimilik galjak taryhy wakanyň — Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň binagärlik nyşanyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Garaşsyzlyk güni...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 32 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALARA GATNAŞDY
Şu gün agzybir we jebis halkymyz ýurdumyzyň baş baýramyny — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik, şatlyk bilen garşylaýar. Şanly baýram mynasybetli mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik ruhuny, özgerdiji güýjüni alamatlandyrýan dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Şu günüň belentliginden ser salyp, Garaşsyzlygyň bütin dünýäde belent abraýdan peýdalanýan, kuwwatly, okgunly ösýän döwletiň ygtyb...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem I.Babuşkin Türkmenistana gelmäge örän şatdygyny belläp, Astrahan oblasty bilen Türkmenistany ozaldan gelýän...
SERDAR BERDIMUHAMEDOWA TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY DIÝEN AT DAKYLDY
Şu gün Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda Mejlisiň Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini ‒ «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmak bilen Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi Mejlisiň Kararyny resmi saýtynda ýerleşdirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň milli garaşsyzlyk esasl...