SOŇKY HABARLAR
TÄZE TÜRKMENBAŞY DEŇIZ PORTY ABRAÝLY SYLAGLARA MYNASYP BOLDY
“Awaza” Kongressler merkezinde geçirilen Halkara ulag maslahatynyň dowamynda dürli guramalaryň bilermenleri tarapyndan Türkmenbaşy täze deňiz portuna mynasyp sylaglaryny gowşurmak dabarasy bolup geçdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny gurmak başlangyjyny öňe sürenligi üçin aýratyn sylaglara mynasyp boldy. Bu sylaglaryň üsti bilen “Ýüpek ýoly” Halkara söwda edarasy we Aziýa-Ýuwaş Umman sebiti ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň konfederas...
AWAZADA (TÜRKMENBAŞY ŞÄHERI) “BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY –TÄZE ÖSÜŞLERE TARAP” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji maýynda “Awaza” (Türkmenbaşy şäheri) Kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly – täze ösüşlere tarap” atly Halkara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Mejlisi açmak bilen, ýurduň ýolbaşçysy “Beýik Ýüpek ýoly – täze ösüşlere tarap” atly Halkara forumynyň işine, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň açylyşyna gatnaşmaga bolan çakylyga seslenme üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Biz dürli döwletleriň ýok...
AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI
AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine tarap» atly Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylşy boýunça ýokary derejeli mejlisi, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny goldamakda bilelikdäki taslamasynyň üçünji tapgyrynyň işe...
HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ BILERMENLERI SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan gurnalan Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi. Bu Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň...
AŞGABATDA HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ VIII MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi geçirildi. Bu foruma gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bu ýere ýygnandylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy “Oguzkent” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDA GEÇIREN MASLAHATY JENAÝATÇYLYKLY ÝOL BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNLAŞDYRYLMAGYNA GARŞY GÖREŞ ÇYGRYNDA TEJRIBE ALYŞMAGA ÝARDAM BERÝÄR
Aşgabatda ÝHHG tarapyndan gurnalan we 2018-nji ýylyň 25-nji aprelinde öz işini tamamlan maslahatda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, korrupsiýanyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň görkezijileri we pudagara hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki günläp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, maliýe edaralarynyň, hukuk goraýjy edarala...
DAŞKENTDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşkent şäherinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp guralan Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Uzeksposentr” Milli sergi kompaniýasynyň bilelikde guran bu serginiň baş maksady dostlukly ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi bolup durýar. Sergi ýurdumyzyň...