TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILHANASYNYŇ WEKILLERI BILEN IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, olaryň sanyny azaltmak boýunça ýerine ýetiren işleri üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň mü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen salamlaşyp, özara hormat goýmak, netijelilik hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-biregi Beýi...
GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy, çäre göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Arkalaşyga gatnaşyjy-döwletleriň daşary işler ministrleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar gatnaşdylar. Işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda taraplar ýurtlaryň dünýädäki epidemiologik...
GEPLEŞIKLERIŇ DOWAMYNDA HALKARA ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGESINIŇ IŞINI IŞJEŇLEŞDIRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda “Türkmendemirýollary” agentliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi. Türkmen wekiliýete ulag ulgamyna jogapkär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Öwezow ýolbaşçylyk etdi. Özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministri E.Ganiýew ýolbaşçylyk etdi. Eýran wekiliýetine EYR-n...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY UNEP MAKSATNAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň 2022-2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasyny taýýarlamak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly köptaraplaýyn iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň hem-de T...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO-NYŇ DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK UGRUNDAKY HYZMATDAŞLYGY
2020-nji ýylyň 11-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) wekilleri bilen wideo aragatnaşyk arkaly maslahat beriş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň statistika boýunça Döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Onlaýn-duşuşygyň dowamynda esasy üns Durnukly ösüş maksatlaryny, esasan-da, 4-nji – hemme zady öz içine alýan we adalatly ýokary hilli...
TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLYK ŞÄHERLERINIŇ BÜTINDÜNÝÄ FEDERASIÝASYNYŇ HATARYNDA
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasy 2012-nji ýylda dünýäniň meşhur syýahatçylyk şäherleri we syýahatçylyk guramalary tarapyndan döredildi. Ştab-kwartirasy we Sekretariaty Pekinde (HHR) ýerleşen SŞBF häzirki wagtda abraýly halkara syýahatçylyk guramasyna öwrüldi.