RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Sen

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA HEM-DE ÝURDUMYZYŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY 75-NJI SESSIÝASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARLYGYNA SAÝLANYLMAGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUM GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagyna bagyşlanan halkara media-forum geçirildi. Çäre sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu halkara media-forum Türkmenistan tarapyndan Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň bi...

DOWAMY
pic
12 Sen

TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA PARAHATÇYLYGY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA HEREKETLERI GOLDAÝAR

2020-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda owganara gepleşikleri başlandy. Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşykda çykyş edip, Türkmenistan...

DOWAMY
pic
12 Sen

2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTANDA ÝUNISEF-IŇ ÝURT BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ RESMINAMASY ÝUNISEF-IŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETI TARAPYNDAN TASSYKLANYLDY

2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-11-i aralygynda geçirilen ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komitetiniň ikinji nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy kabul edildi. ÝUNISEF-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň altynjy maksatnamasynyň baş wezipesiniň biri, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak, gor...

DOWAMY
pic
11 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz hem-de ýapon Hökümetiniň Baştutany mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk ýörelgelerine hem-de taraplaryň ö...

DOWAMY
pic
11 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINDEN YNANÇ HATLARYNY KABUL ETDI

2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny ýetirdi. Olar netijeli türkmen-hi...

DOWAMY
pic
8 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy institutlarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary şeýle-de KHBS-niň wekil...

DOWAMY
pic
8 Sen

ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ ŞERTNAMASYNY KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA TOPARYŇ GEPLEŞIKLERINIŇ NOBATDAKY TAPGYRY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmek boýunça toparyň halkara gepleşikleriniň ikinji tapgyry öz işine başlady. Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis şu ýylyň 11-nji sentýabrynda anna güni tamamlanar.   Gepleşiklere türkmen tarapyndan ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususan-da «Türkmennebit» we «Türkmengaz» Döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Energetika, Söwda we...

DOWAMY