TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «MERKEZI AZIÝA – RUSSIÝA» IKINJI SAMMITINE GATNAŞDY
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Kabul edişlikler köşgünde geçirilen “Merkezi Aziýa – Russiýa” ikinji sammitine gatnaşdy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammite Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar. Sammitden öň “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşyjylaryň bilelikdäki resmi surata düş...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY
2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda GDA döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara meselelerine seredip geçdiler. Gatnaşyjylar Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara we söwda-ykdysady kooperasiýanyň ös...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän uly ünsi üçin Russiýa Feder...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berip, iki ýurduň strategik gatnaşyklaryny ösdürmäge rus Lideriniň hut özüniň berýän ünsüni we uly goşandyny aýratyn belledi. “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda...
MOSKWA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 34 ÝYLLYGYNA, HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZYŇ 30 ÝYLLYGYNA HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynda möhüm senelere – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge köpçülikleýin habar berş serişdleriniň Russiýadaky türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY
2025-nji ýylyñ 27-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Tatarystanyň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 80-NJI SESSIÝASYNYŇ PLENAR MEJLISINDÄKI ÇYKYŞY
Hormatly Başlyk! Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary hem-de agzalary! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen gutlamaga we netijeli işleri arzuw etmäge rugsat ediň! Hanym Annalena Berbogy Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlaýaryn we oňa üstünlikleri arzuw edýärin. Şeýle hem ozalky sessiýanyň dowamynda Baş Assambleýanyň işine netijeli ýolbaşçylyk edendigi üçin ilçi Filem...