RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Sen

TÜRKMENISTAN WE HALKARA ZÄHMET GURAMASY ÖZARA GATNAŞYKLARY GÜÝÇLENDIRMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary departamentiniň wekili hanym Dipa Rişikeşiň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky ýokary derejeli köpýyllyk hyzmatdaşlygy barada belläp geçdiler. Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň konwensiýalary...

DOWAMY
pic
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞHG-NYŇ SAMMITINE HORMATLY MYHMAN HÖKMÜNDE GATNAŞMAK ÜÇIN SAMARKANDA BARDY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde ŞHG sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Samarkant şäherine bardy. Samarkant Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň resmi wekilleri we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar.  Baýdak sütünlerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Uçardan düşülýän ýerden gelýän haly ýodajygynyň iki ta...

DOWAMY
pic
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE BMG-NIŇ ÖSÜŞI UTGAŞDYRMAK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin merkeziniň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygy hanym Gwi-Ýop Son bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ýokary derejede häsiýetlendirdiler. 2030-njy ýyla çenli meýilnamany we Türkmenistanda milli durnukly...

DOWAMY
pic
14 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BAE-NE IŞ SAPARYNYŇ ÇÄKLERINDE BIRNÄÇE NETIJELI DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 12-16-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda bolýar. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, 2022-nji ýylyň 12-14-nji sentýabry aralygynda BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui, Abu-Dabi portunyň Baş ýerine ýetiriji direktory we dolandyryjysy Saif Muhammet Juma Al Şamisi, Ab...

DOWAMY
pic
14 Sen

ВСТРЕЧА С ПОСЛОМ ИСПАНИИ

Чрезвычайный и Полномочный Посол Туркменистана в Российской Федерации Батыр Ниязлиев 14 сентября 2022 года принял вновь назначенного Чрезвычайного и Полномочного Посла Королевства Испания в Российской Федерации г-на Маркоса Гомеса Мартинеса (Marcos Gomez Martinez). На встрече стороны обсудили актуальные вопросы международного, регионального и двустороннего характера, представляющие взаимный интерес. Вопросы всестороннего развития туркмено-испанских отношений стали особой темой встречи. Сто...

DOWAMY
pic
13 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-ERMENI SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekilýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriň orunbasary W.Hajiýew, Ermenistan Respublikasynyň wekilýetine Daşary işler ministriň orunbasary M.Safarýan ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar salamlaşyp, türkmen-ermeni gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýeti barada bellediler. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady,...

DOWAMY
pic
13 Sen

AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ERMENI HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ DOKUZYNJY MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Toparyň Türkmen tarapynyň başlygy - Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ş.Abdrahmanow, Ermeni tarapynyň başlygy - Ermenistan Respublikasynyň Araçäk dolandyryş we infrastruktura ministri Gnel Sanosýan bolup durýar. Mejlise iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we işewür guramalarynyň ýolba...

DOWAMY