RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Apr

ABŞ-DA TÜRKMEN-AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horst ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň bilel...

DOWAMY
pic
22 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ KÖMEKÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi. Diplomat Türkmen döwletiniň Baştutanyna BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň salamyny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimu...

DOWAMY
pic
20 Apr

TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäklerinde döredilen bilelikdäki ýolbaşçy toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen agentlikleriniň ý...

DOWAMY
pic
20 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletle...

DOWAMY
pic
20 Apr

ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakalanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy, şeýle hem Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürilmeginiň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen...

DOWAMY
pic
20 Apr

ПРИНЯТО СОВМЕСТНОЕ ЗАЯВЛЕНИЕ МИНИСТРОВ ГОСУДАРСТВ-УЧАСТНИКОВ СПЕКА

17 апреля 2023 года в Женеве делегация Туркменистана приняла участие в работе министерской встречи стран-участниц Специальной Программы ООН для экономик Центральной Азии (СПЕКА), по итогам которой было принято министерское заявление.                                       Совещание министров государств-участников СПЕКА 17 апреля 2023 года Женева, Швейцария Совместное заявление министров   1. Мы, министры/главы делегаций государств-участников СПЕКА – Азербайджана, Казахстана,...

DOWAMY
pic
20 Apr

TÜRKMEN WEKILIÝETI ŽENEWADA BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler Ministri R.Meredowyň Portugaliýanyň daşary işler Ministri Žoao Gomeş Krawinýo bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmekligiň meselelerine seredildi. Mundan başga, 18-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Bütündünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory doktor Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamyn...

DOWAMY