img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ 112-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 112-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow açdy we alyp bardy.

Çäräniň dowamynda GDA agza ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin we gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda, maglumat-bilim we seljeriş işleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri girizildi. Öňdebaryjy sanly tehnologiýa çözgütlerini alyşmak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Mejlisde çykyş eden GDA agza ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmegine ýokary baha berdiler hem-de ýurdumyzda geçirilen çäreleriň baý mazmunlydygyny we ýokary guramaçylyk derejesini nygtadylar. Arkalaşygyň yzygiderli we depginli ösüşine goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna tüýs ýürekden sagbolsun aýdyldy.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 112-nji mejlisiniň jemleri boýunça Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda jemgyýetçilik-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2027-nji ýylyň martynda Moskwa şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.