SUNGAT SERHET TANAMAÝAR: NIKITA WYSOTSKIÝ AŞGABADA ÝAŞ TEATR ZEHINLERINI GETIRDI
Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Döredijilik forumy Gazagystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Ermenistandan sahna ussatlaryny, režissýorlary hem-de medeniýet işgärlerini bir ýere jemledi.
Festiwalyň hormatly myhmanlarynyň arasynda rus aktýory, režissýory we Moskwanyň döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan medeniýet işgäri, RSFSR-iň at gazanan artisti Wladimir Wysotskiniň ogly Nikita Wysotskiý hem bar. Saparynyň çäklerinde N. Wysotskiý «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna halkara medeni hyzmatdaşlygy, täze hünärmenleri taýýarlamak we Türkmenistanyň paýtagtyna getirilen sahna oýny barada gürrüň berdi.
N. Wysotskiý festiwala öz döredijilik topary – Moskwanyň döwlet medeniýet institutynyň (MDMI) 4-nji ýyl režissýorlyk bölüminiň talyplary bilen bile geldi. Olaryň aglabasy Türkmenistanda doglan.
Festiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde ýaş artistler Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahnasynda «Leningrad günorta asmanyň astynda» atly sahna oýnuny görkezýärler.
– Bu çykyş ýaşlar üçin hem, biz mugallymlar üçin hem uly jogapkärçilikdir. Talyplarymyzyň şeýle ýokary derejeli, çynlakaý we hünär derejesindäki festiwalda çykyş edýändikleri sebäpli, biz hem örän tolgunýarys – diýip, N. Wysotskiý paýlaşdy.
Türkmenistanly talyplaryň Russiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy medeni gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen giň gerimli, uzak möhletleýin taslamanyň bir bölegidir. Taslamanyň esasy maksady milli teatr sahnasyny täze döredijilik mazmuny bilen baýlaşdyrmak we teatrlaryň, hususan-da, Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparlaryny ýaş hünärmenler bilen üstüni ýetirmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda Moskwada Türkmenistandan bolan 40-a golaý ýaş hünärmen bilim alýar. Olar diňe bir Moskwanyň döwlet medeniýet institutynda däl, eýsem, M.S. Şepkin adyndaky Ýokary teatr okuw mekdebinde we Russiýanyň Teatr sungaty institutynda hem okaýarlar. Söhbetdeşimiziň belleýşi ýaly, bu hyzmatdaşlyk eýýäm oňyn netijelerini berdi we geljekde has-da ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir.
N. Wysotskiý festiwalyň maksatnamasyna gatnaşmak bilen bir hatarda, Aşgabat şäherindäki A.S. Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine hem baryp gördi. Ol mekdebiň infrastrukturasy we okuw şertleri bilen tanyşdy hem-de okuwçylar bilen söhbetdeş boldy.
Çagalykda kim bolmak arzuw edendigi baradaky okuwçylaryň tüýs ýürekden beren soragyna myhman ýylgyryp, kosmonawt ýa-da doňdurma satyjysy bolmak isländigini aýtdy. Emma wagtyň geçmegi bilen teatr we sungat onuň bütin ömrüniň esasy kärine we durmuşynyň baş maksadyna öwrülipdir.