HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNA DOGLAN GÜNI MYNASYBETLI GUTLAG HATLAR GELIP GOWUŞÝAR
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Siz maksada okgunlylygyňyz hem-de Türkmenistanyň milli bähbitlerine berk ygrarlylygyňyz bilen belent abraýa eýe bolduňyz. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda uly üstünlikleri gazanýar, döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýä giňişligindäki abraýyny has-da beýgeldýär.
Däp bolan dostlukly rus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine, parlament dialogynyň bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Size tüýs ýürekden berk jan saglyk hem-de Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine täze üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Siziň ähli başlangyçlaryňyz rowaç bolsun!
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Walentina MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde alyp barýan köpugurly döredijilikli işiňiz milli däpler we ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryndaky durnukly ösüşine kuwwatly itergi berýär.
Russiýada deňhukuklylyk, dostluk we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan rus-türkmen gatnaşyklarynyň berkidilmegine berk ygrarlydygyňyza ýokary baha berilýär. Döwletlerimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmäge taýýardygymyzy tassyklaýarys.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan okgunly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, özüniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrýar, halkara abraýyny barha belende galdyrýar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary berkidýär.
Astrahan oblastyny we Türkmenistany köpýyllyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak başlangyçlary baglanyşdyrýar. Ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýärin hem-de söwda-ykdysady, ulag-logistika, ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň rus-türkmen gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna, Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň ilatynyň bähbidine täze bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde egsilmez güýç-kuwwat we täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Öňdengörüjilikli döwlet işgäri we tejribeli ýolbaşçy hökmünde Siz ýurduňyza gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman hyzmat edýärsiňiz.
Siz türkmen döwletliligini berkidip we parasatly bitaraplyk syýasatyna berk eýerip, parahatçylyk, adalatlylyk we durnukly ösüş ýörelgelerini durmuşa geçirýärsiňiz.
Biziň ýurtlarymyzy özara hormat goýmaga hem-de rus we türkmen halklarynyň döwrüň synagyndan geçen köpýyllyk dostlugyna esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Sankt-Peterburg üçin Türkmenistan hemişe ýakyn halkara hyzmatdaşlaryň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Gurluşyk, ulag, saglygy goraýyş ulgamlarynda bilelikdäki işde hem-de iri infrastruktura we bilim taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde toplanan baý tejribe biziň geljekki üstünliklerimiziň binýadydyr.
Sankt-Peterburg bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigiňize tüýs ýürekden hoşaldyryn. Doglan günüňiz mynasybetli Size berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez güýç-kuwwat we täze üstünlikler arzuw edýärin.
Sizi islendik amatly wagtda Sankt-Peterburgda görmäge şatdyryn.
Hormatlamak bilen,
Aleksandr Beglow,
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory.