TÜRKMENISTANDA ÝURDUMYZYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGY MYNASYBETLI GEÇIRILJEK GIŇ GERIMLI DABARALARYŇ MEÝILNAMASY TASSYKLANDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna garady.
Bu mesele boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Seýidowa hasabat berdi. Hödürlenen maksatnama laýyklykda, sentýabr aýynyň dowamynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde forumlar, sergiler, wagyz-nesihat çäreleri hem-de aýdym-sazly dabaralar geçiriler.
Baýramçylyk aýynyň esasy çäreleriniň hatarynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlary sarpalamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak hem-de welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabaralary, dabaraly ýöriş we baýramçylyk konserti bar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetip gelýän senäniň ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetini nygtady hem-de wise-premýere meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.