img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMEN TALYPLARY SANKT-PETERBURGDA GEÇIRILEN HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASYNDA MEDALLARA MYNASYP BOLDULAR

photo

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Sankt-Peterburguň Informasiýa tehnologiýalary, mehanika we optiki milli barlaglar uniwersiteti tarapyndan 25-29-njy aprel aralygynda guralan Demirgazyk döwletleriň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) üstünlikli çykyş etdiler.

Bu ýylda halkara bäsleşigi Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Awstriýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň hem-de beýleki birnäçe ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplarynyň 500-den gowragyny bir ýere jemledi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça amaly matematika we informatika kafedrasynyň mugallymy Eziz Kakyşowyň ýolbaşçylygynda olimpiada gatnaşan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary baýrakly orunlara eýe boldular. Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň amaly matematika we informatika (inženerler üçin matematika) hünäriniň 3-nji ýyl talyby Gülöwser Gylyçmämmedowa kümüş medala mynasyp boldy. Şol fakultetiň sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk hünärinde bilim alýan 1-nji ýyl talyby Döwletgeldi Şakirjanow bolsa bürünç medaly eýeledi.

Olimpiadanyň jemleri boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri — sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyby Yslam Haýytmuhammedow hem-de nebit we gaz fakultetiniň talyby Halmyrat Myratgeldiýew kümüş medallary gazandylar.

Şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary olimpiadada tapawutlanyp, mynasyp baýraklara eýe boldular.

Türkmen talyplarynyň halkara derejesindäki gazanan bu üstünlikleri bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, öňdebaryjy usullary we innowasiýalary ornaşdyrmaga, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi hem-de ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagy üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.