img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ 109-NJY MEJLISINE GATNAŞDY

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda GDA agza döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin we gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem wekiliýetleriň ýolbaşçylary birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garadylar.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2026-njy ýylyň iýun aýynda Moskwa şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.