img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE TAÝÝARLYK BOÝUNÇA TESWIRNAMA GOL ÇEKILDI

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretarynyň orunbasary D.Trefilowyň gatnaşmagynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň taýýarlyk meselelerini ylalaşmak boýunça Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Bu resminama 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mejlisi taýýarlamak boýunça guramaçylyk we mazmun taýdan meseleleriň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.