img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

MOSKWA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ TARYHY-MEDENI MIRASYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Moskwa şäherinde ýerleşýän Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň (RYA) Prezidiumynyň binasynda «Margiana medeniýetleriň çatrygynda: Merkezi Aziýanyň çäklerinde, Kawkazda we Ýakyn Gündogarda medeniýetleriň gatnaşyklary – gadymyýet we häzirki zaman» atly halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Forum Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär.

Çäre RYA-nyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň, RYA-nyň Dil bilimi institutynyň, RYA-nyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň, Rus-Türkmen Margiana arheologik ekspedisiýasynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilýär.

Ylmy forumyň mowzugy Merkezi Aziýada, Kawkazda we Ýakyn Gündogarda medeniýetleriň gatnaşyklaryna degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Bu ugurda Margiananyň (gadymy Marguş ýurdy) arheologik we taryhy-medeni mirasyna aýratyn üns berilýär.

Utgaşykly görnüşde geçirilýän maslahat ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini – Türkmenistanyň, Russiýanyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Fransiýanyň alymlaryny, bilermenlerini, ylmy-barlag institutlarynyň işgärlerini we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny bir ýere ýygnady.

Şeýle-de maslahata Russiýa Federasiýasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Russiýadaky Ilçihanasynyň işgärleri, Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Ylmy maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdürliginiň hem-de «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýanyň paýtagtyna geldi.

Ylmy duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasyny, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisi S.Durdyýew, RYA-nyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň direktory A.Zagrebin, RYA-nyň Dil bilimi institutynyň direktorynyň orunbasary A.Sidelsew hem-de RYA-nyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktory A.Polýakow gatnaşyjylaryň öňünde gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Duşuşyk özboluşly ýadygärlikleri we arheologlaryň täsirli açyşlary bilen tanalýan, şol bir wagtyň özünde henizem doly çözülmedik syrlary bolan Gündogaryň ajaýyp siwilizasiýasy – Margiana bagyşlanan mowzuklaýyn pikir alyşmalar bilen dowam etdi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Gadymy Margiana Türkmenistanyň Mary welaýatynyň çäginde, Murgap derýasynyň gadymy hanasynyň ugrunda ýerleşýär. Bu ýerde ady rowaýata öwrülen, birmahallar Mesopotamiýanyň we Müsüriň şäherleri bilen söwda we medeni gatnaşyklary ösdürip gelen Margiananyň şöhratly geçmişine degişli bolan taryhy ýadygärlikleriň ençemesi ýüze çykaryldy. Şu nukdaýnazardan, 1999-njy ýylda «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini nygtamak zerur.

Gadymy Marguşuň paýtagty Goňurdepe hem-de dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm bolan ylmy açyşlar barada aýry-aýry çykyşlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, meşhur arheolog Wiktor Sarianidi 1972-nji ýylda türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Goňurdepäniň üstüni açdy we bu ýerde gazuw-agtaryş işlerine girişdi.

26-njy martda ylmy forum öz işini mowzuklaýyn mejlislerde dowam eder.