«KOMPOZITOR» FILMINIŇ NOBATDAKY HALKARA ÜSTÜNLIGI
Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly filmiň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite baýraklaryna mynasyp bolmagyna bagyşlandy.
Dabara başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar kinoteatryň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergi ýurdumyzyň kino sungatynyň taryhyna we ösüşine bagyşlanypdyr. Kino sungatynyň jadylaýjy güýjüniň tomaşaçylara uly täsir edýändigi üçin kino eserlerini döretmekde ulanylýan tehniki serişdeler, şol sanda dürli döwürlere degişli kinokameralar, ýagtylandyryjylar we beýleki abzallar myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Şeýle hem bu ýerde görkezilen gymmatlyklaryň hatarynda dürli ýyllarda türkmen kinematografiýa önümleriniň mynasyp bolan baýraklary we sylaglary bar. Indi olaryň üsti täze halkara baýraklar bilen ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary netijesinde şu ýylyň 15–18-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Türkmenistanyň kino günleri geçirildi. Köpöwüşginli çärelere beslenen kino günleri şanly ýylyň möhüm medeni wakalarynyň biri bolup, hakyky sungat baýramçylygyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Türkiýedäki kino günleriniň çäklerinde Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde «Kompozitor» atly türkmen çeper filminiň görkezilişi boldy. Soňra bu ajaýyp film TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklarynyň ikisi – filmiň surata düşürilmegine ýakyndan goldaw beren Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy guramanyň «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite sylagy, şeýle-de filmi saz bilen bezändigi üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow «Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylag bilen sylaglanyldy. Munuň özi şanly ýylda halkymyzy buýsandyran hoş habar boldy.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, türkmen kinematograflaryny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy giňden bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna şan beren nobatdaky ajaýyp halkara üstünlik bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegine, surata düşürilen milli filmleriň köpçülige görkezilmegine, kinofestiwallaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara kinofestiwallara gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň kino günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň türki dünýäde uly gyzyklanma döredýändiginiň, doganlyk halklaryň arasynda özara medeni dialogyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. «Kompozitor» atly filmiň TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklaryna mynasyp bolmagy bolsa bu medeni çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Çykyşlarda filmiň nobatdaky halkara sylaglarynyň aýratynlyklary barada durlup geçilip, milli kinematografiýanyň ösüşine uly goşant bolan bu çeper film üçin Kerim Berdimuhamedowyň «Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylag bilen sylaglanylmagynyň ýurdumyzyň kino sungatynda şatlykly wakadygy, sylagyň Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan ilkinji gezek gowşurylyp, filmiň sazlarynyň onuň çeperçilik taýdan gymmatyny has-da artdyrandygy nygtaldy.
Türkmen kino sungatyny ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrmaga, şeýle hem häzirki zaman kino sungatynyň hemmetaraplaýyn wagyz edilmegine goşýan goşandy nazara alnyp, haýyr-sahawat gaznasyna «Goşa ganatly uly laçyn» atly sylagyň gowşurylmagy hem örän ähmiýetlidir. Bu bolsa gaznanyň alyp barýan asylly işleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Mälim bolşy ýaly, «Kompozitor» filmi 2024-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwalda eminleriň ýörite baýragyna, iň gowy zenan keşbi baýragyna, 2025-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kinofestiwalynda «Iň gowy suratkeş» ugry boýunça baýraklara mynasyp bolupdy.
Dabaraly maslahat aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen aýdymlaryň tomaşaçylaryň ýüreklerinde orun alan meşhur kinofilmleriň aýrylmaz bölegine öwrülen eserler bolmagy diňleýjilerde ajaýyp duýgulary döretdi. Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Kompozitor» atly kinofilmden parçalar hem görkezildi. Bu film wakalarynyň yzygiderliligi, beýan edilişi bilen özüne çekip, gyzgyn garşylanan döredijilik eserleriniň birine öwrüldi.
Filmde türkmen halkynyň milli saz sungatyny, onuň jadylaýjy güýjüni görkezýän görnüşler suratlandyrylýar. Filmiň tutuş dowamynda wakalar sazyň utgaşdyrylmagynda beýan edilýär. Kerim Berdimuhamedowyň filmde orun alan saz eserleri gahrymanlaryň içki dünýäsini inçeden açyp görkezmek bilen, türkmen saz medeniýetiniň baý däplerine daýanýar. Bu sazlar türki halklaryň medeni mirasyny ösdürmäge we olary gorap saklamaga möhüm goşantdyr.
Çykyşlarda milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýäde dabaralandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.