MOSKWA ŞÄHERINDE ÝEŇŞIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÝYGYNDYLARYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Moskwa şäherinde «Respublikalar – 1941-1945-nji ýyllaryň frontuna» atly resminamalaryň ýygyndylary toplumynyň tanyşdyrylyş hem-de olary GDA agza ýurtlaryň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçilerine gowşurylyş dabarasy geçirildi. Doganlyk halklaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan umumy Ýeňşe goşan goşandyna bagyşlanan ýygyndylar Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Diwany tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrligi, Russiýanyň taryh jemgyýeti hem-de Russiýanyň döwlet ynsanperwer uniwersiteti bilen bilelikde taýýarlanyldy we neşir edildi.
Çärä Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretary S.Şoýgu, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary D.Lýubinskiý, Russiýanyň taryh jemgyýetiniň başlygy S.Naryşkin, sebitleýin halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Russiýa Federasiýasynyň jemgyýetçilik, syýasy we harby işgärleri, GDA agza ýurtlaryň Ilçileri, diplomatik korpusynyň wekilleri, alymlar hem-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyryş dabarasynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdyýew türkmen halkynyň Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşandygyny belledi. Biziň ildeşlerimiz frontlarda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylyk, edermenlik we ruhubelentlik görkezdiler. Türkmenistanly esgerleriň edermenligi Watana söýginiň, ar-namysyň, borja wepalylygyň hakyky nusgasydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşmagy umumy gahrymançylyk mirasyna ygrarlylygyň ýene bir nyşany boldy.
Bellenilişi ýaly, ildeşlerimiziň müňlerçesi söweşjeň orden-medallar bilen sylaglanyldy. Olaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz G.Berdimuhamedowyň atasy, hormatly Prezidentimiz S.Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Häzirki wagtda Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly ýurdumyzyň ýaşlary üçin watançylygyň, belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarlylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Uruşdan mähriban ojaklaryna dolanmadyk hem-de Ýeňiş bilen gaýdyp gelen ildeşlerimiziň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplaryna girizildi.
Ýygyndylar GDA agza döwletleriň Ilçilerine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky edermenligi» atly dokumental ýygynda ildeşlerimiziň Ýeňşe goşan goşandyny beýan edýän resminamalar girizilipdir. Neşiri taýýarlamak işine Türkmenistanyň bilermenleri we taryhçylary hem gatnaşdylar.
Resminamalar ýygyndysy türkmenistanlylaryň söweş meýdanyndaky edermenlikleri barada söhbet açyp, ýaşaýjylaryň gündelik gahrymançylykly zähmeti, olaryň gündelik durmuşy hem-de fronta umumyhalk kömegi barada gürrüň berýär.
Neşir gaýtalanmajak arhiw suratlary bilen bezelipdir. Ýygyndy giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.
«Respublikalar – 1941-1945-nji ýyllaryň frontuna» atly ýygyndylaryň ilkinji nusgalary Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin tarapyndan 2025-nji ýylyň dekabrynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynda döwlet Baştutanlaryna gowşuryldy.