«MALIÝE HASABATLYLYGYNYŇ HALKARA STANDARTLARY» DERSI BOÝUNÇA II HALKARA OLIMPIADANYŇ ÝEŇIJILERI YGLAN EDILDI

photo

Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda institut tarapyndan geçirilen «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» (MHHS) dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi.

Olimpiada 17-nji dekabrda şahsy ýaryşlar görnüşinde geçirildi. Oňa 9 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 53-sinden 200-den gowrak talyp gatnaşdy.

Daşary ýurtlaryň 33 ýokary okuw mekdebinden 126 talyp çykyş etdi. Olaryň 69-sy baýrakly orunlara mynasyp boldy: 13-si birinji, 27-si ikinji we 29-sy üçünji orunlary eýelediler.

Türkmenistandan 20 ýokary okuw mekdepden 77 talyp gatnaşdy. Ýeňijileriň hatarynda 14 türkmen talyby bolup, olar 2 sany birinji, 3 sany ikinji we 9 sany üçünji orny eýelediler.

Türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilen olimpiadada her ýokary okuw mekdepden dört talyp gatnaşdy. Gatnaşyjylara «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça çylşyrymly meseleler teklip edildi we olary çözmek üçin iki sagat wagt berildi.

Olimpiadanyň guramaçylyk toparynyň bellemegine görä, talyplar emin agzalaryň öňünde diňe bir ýokary hünär taýýarlygyny we maliýe sowatlylygyny däl-de, eýsem çylşyrymly tejribe meselelerini çözmegiň innowasion usullaryny hem aýdyň görkezmegi başardylar.

Umuman alanyňda, «MHHS» boýunça geçirilen halkara intellektual bäsleşik ýaşlaryň bu derse bolan gyzyklanmasyny görkezdi hem-de iň zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykardy. Şeýle hem ol dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna we türkmen hem-de daşary ýurt uniwersitetleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda tejribe alyş-çalşygyna goşant goşdy.

Guramaçylar olimpiadanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine güýçli itergi berendigini, munuň özi bolsa milli ylym we bilim ulgamyny, esasan, hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin möhümdigini nygtadylar.