img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

photo

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we halkara syýasy arenada özara hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda Daşary Işler Ministrleri derejesinde gepleşikleri we özara gatnaşyklary öz içine almak bilen işjeň syýasy dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.