MOSKWA ŞÄHERINDE “PARAHATÇYLYK SAZY, DOSTLUK, DOGANLYK SAZY” ATLY DABARALY TÜRKMEN-RUS KONSERTI GEÇIRILDI

photo

2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly dabaraly türkmen-rus konserti geçirildi.

“Dostlary jemleýäris” atly XIX Halkara aýdym-saz festiwalynyň çäklerinde geçirilen aýdym-sazly dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň hem-de “Dutaryň owazy” gaznasynyň ýardam bermeginde “Dünýäniň saz medeniýetleri” ylmy-döredijilik merkezi tarapyndan guraldy. Taslamanyň awtory – Moskwanyň N.Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly türkmen nusgawy sazynyň her ýylky halkara festiwalynyň esaslandyryjysy we sungat müdiri, kompozitor M.Guseýnow.

Konsertiň ady türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman-Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady rowaýata öwrülen Şükür bagşy barada gürrüň berýän “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyndan ylham almak esasynda döredildi. Halk bagşylarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän sungaty türkmen topragynda ähli döwürlerde aýratyn hormat-sylaga mynasyp bolupdyr. Halk sazandalarynyň aýdymlary we sazlary bagt we aladalar, şatlyk we gaýgy, kalbyň gözelligi we duýgular barada maglumat berýän sungata öwrülipdir.

Dabaraly çärä Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, Moskwada akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, rus döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, Moskwa şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Konsertde çykyş etmek üçin ussatlygy bilen dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan muşdaklary özüne maýyl eden türkmen sungat ussatlary Russiýanyň paýtagtyna geldiler.

Konsert maksatnamasy belli saz öwrenijileriň we mugallymlaryň täsirli umumy sapagy bilen açyldy. Myhmanlaryň öňünde sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň dosenti E.Osipowa hem-de russiýaly dirižor, hormeýster, Russiýanyň teatr sungaty institutynyň (GITIS) uly mugallymy E.Wolkow çykyş etdiler. Umumy sapak diňleýjileri medeni gatnaşyklaryň özboluşlylygy bilen tanyşdyrmak bilen,  konsertiň aýdym-saz maksatnamasynyň badalgasy boldy.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew özüniň gutlag sözünde Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýanyň parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň nyşany hökmünde nurana geljegiň hatyrasyna halklary özara birleşdirýändigini nygtady.

BMG-niň Moskwadaky Maglumat merkeziniň müdiri W.Kuznesow Birleşen Milletler Guramasynyň “umuman sungatyň we, hususan-da, aýdym-sazyň halklary birleşdirmäge, adamlary ruhlandyrmaga, reňk boýunça we syýasy päsgelçilikleri ýeňip geçmäge, kemsidilmelere garşy göreşmäge hem-de jedelleri çözmäge ukyplydygyna ynanýandygyny” belledi.

P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, Russiýanyň at gazanan sungat işgäri, professor A.Sokolow öz gutlagynda: “Goý, parahatçylyga ymtylyşy şöhlelendirýän bu keşp [Şükür bagşy], sazandalary we diňleýjileri birleşdirsin!” – diýip arzuw etdi.

Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan sungat işgäri W.Sereteli özüniň gutlag sözünde konsertiň adynyň çuňňur simwoliki mana eýedigini, onuň derwaýyslygy bolsa, Ýeňişiň 80 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen şertlenendigini nygtady.

Dabaraly konsertiniň maksatnamasyna N.Halmämmedowyň, Ç.Nurymowyň, W.Bogdanow-Berezowskiýniň, A.Mosolowyň, M.Waýnbergiň, K.Wolkowyň, M.Guseýnow wokal we instrumental eserleri, şeýle hem türkmen we rus halk eserleri girizildi.

Bilelikde ýerine ýetirilen ajaýyp aýdymlar we kompozisiýalar parahatçylyga, dost-doganlyga hem-de agzybirlige bagyşlandy. Tomaşaçylar ähli eserleri şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Konsert zalynyň eýwanynda kitaplaryň we suratkeşleriň eserleriniň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.