MOSKWADA «BMG-80 DOSTLUK OÝUNLARYNA» DABARALY BAŞLANGYJY YGLAN EDILDI

photo

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Moskwa şäherinde ýerleşýän Moskwa döwlet halkara gatnaşyklar institutynda (MGIMO) «BMG-80 Dostluk Oýunlarynyň» sport ýaryşynyň resmi başlanýan dabaraly açylyşy we oňa bagyşlanyp geçirilen dostlukly küşt ýaryşy boldy.

Küşt ýaryşy BMG-nyň Dostluk oýunlarynyň çäginde Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasynyň, Russiýanyň BMG ýardam beriş Assosiasiýasynyň, BMG-nyň Maglumat merkeziniň we BMG-80 jemgyýetçilik komitetiniň goldawy bilen geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň başlangyjy bilen Russiýa we 80-den gowrak ýurduň bilelikde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hakyndaky Kararnamasy bilen goldanan bütindünýä başlangyjynyň çäginde guraldy.

Çärä jemgyýetçilik işgärleri, diplomatik korpusyň wekilleri, mekdep okuwçylary, talyplar we Russiýanyň MGIMO-nyň ýaş liderleri gatnaşdylar.

Dabaranyň açylyşy Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň «BMG-80 Dostluk Oýunlarynyň» çäresiniň guramaçylaryna we gatnaşyjylaryna ýollan gutlag sözleri bilen başlandy:

“Sportuň, medeniýetiň we diplomatik aragatnaşygyň üsti bilen agzybirligiň nyşany bolmak ýaly umumy bähbitli maksady bolan taslamaňyz ýokary baha mynasypdyr. “Dostluk Oýunlarynyň” hakyky baýramçylyga öwrüljekdigine we ýatda galyjy waka hem-de oňa gatnaşyjylar üçin şatlykly duýgularyň boljakdygyna berk ynanýaryn".

Dabaranyň dowamynda Russiýanyň BMG-ä ýardam beriş assosiasiýasynyň başlygy, Russiýanyň MGIMO-nyň rektory, Rus Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor A.W.Torkunow, BMG maglumat merkeziniň müdiri W.W. Kuznetsow we Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.M.Aýdogdyýew gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň halkara işleriniň iň möhüm ugurlarynyň biri sport diplomatiýasydygyny belledi. Parahatçylyk, ynam we özara düşünişmek üçin sport - bu Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan sport hyzmatdaşlygy strategiýasynyň manysy. Bu ýyl dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Türkmenistan ýeňişiň 80 ýyllygy,
BMG-nyň döredilmeginiň 80 ýyllygy, şeýle hem 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG tarapyndan ýurdumyzyň Hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy ýaly möhüm senelerini belleýär. Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde birnäçe döwletlerden ýokary derejeli wekiliýetleriň we abraýly halkara guramalaryň gatnaşmagynda halkara konferensiýasy geçiriler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan teklip edilen «BMG-niň Oýunlary» çözgüdi kabul edilmeginiň we Türkmenistanyň döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy we özara düşünişmegi berkitmekde eýeleýän ornunyň ähmiýeti çykyşlarda nygtaldy. Garaşylýan çäräniň sport, medeniýet we diplomatik aragatnaşyk arkaly birleşmegiň nyşany bolup, parahatçylyk, özara düşünişmek we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini berkitmäge çagyrylýandygy bellenildi.

Çäre diplomatik korpusyň wekilleriniň we sport mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda küşt boýunça geçirilen ýaryş bilen tamamlandy.

BMG-nyň dostluk oýunlary şu ýylyň sentýabr aýynda futbol, tennis we küşt ýaryşlary bilen dowam eder.