Magtymguly Pyragynyň kitabynyň ýubileý nusgasy Russiýa Federasiýasynyň ugurdaş Ýokary okuw mekdeplerine we kitaphanalaryna berildi

        Üstümisdäki ýylda Türkmenistanda we halkara derejesinde möhüm sene – türkmen edebiýatynyň düýbüni tutan nusgawy şahyr we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, beýik akyldaryň hatyrasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2024-nji ýyl ýurdumyzda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi.

Bu giňgöwrümli çäreleriň çarçuwasynda, Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini aýratyn dabaralandyrmak, öwrenmek hem-de bütin dünýäde wagyz etmek maksady bilen şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Russiýadaky Ilçihanasy tarapyndan birnäçe ylmy maslahatlar we duşuşyklar guraldy hem-de geçirildi, şeýle hem Moskwa şäherinde akyldaryň göwre heýkeli oturdyldy we 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak pelsepewi-şahyrana mirasyny wagyz etmek boýunça Ilçihana tarapyndan amala aşyrlan nobatdaky ädimleriň biri hökmünde, ýakynda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýry-aýry kitaplar görnüşinde çap edilen saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň ýubileý nusgalarynyň Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň (RYA), M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (MDU), P.Lumumba adyndaky Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersitetiniň (RHDU), Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (uniwersitetiniň) (MDHGI) hem-de iri kitaphanalaryň – Russiýanyň döwlet kitaphanasynyň, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň, M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa daşary ýurt edebiýary döwlet kitaphanasynyň, Russiýanyň Döwlet jemagat taryhy kitaphanasynyň, Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň M.Gorkiý adyndaky ylmy kitaphanasynyň, RYA-ň kitaphanasynyň (SPB), Russiýanyň milli kitaphanasynyň (SPB) we beýlekileriň kitaphana gaznalaryna berilendigi bellenilmäge mynasypdyr.