img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI WLADIMIR WLADIMIROWIÇ PUTINI TÜRKMENISTANYŇ «MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA» ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA

photo

 

Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabry.