img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Noý

«TATARYSTAN RESPUBLIKASY» GAZETINIŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DEGIŞLI GAZETINIŇ ARASYNDA ŞERTNAMA BAGLAŞMAK BARADA PIKIR ALŞYLDY

Türkmenistanyň Baş konsullygynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Kazandaky baş konsuly Güýç Garaýew bilen «Tatarystan Respublikasy» gazetiniň baş redaktory Alekseý Ugarowyň arasynda duşuşyk geçirildi. HHM-niň habar berşi ýaly, duşuşykda baş konsul Güýç Garaýew baş redaktor Alekseý Ugarowa Türkmenistanda daşary ýurt habarçysy hökmünde akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy. Soňra taraplar Türkmenistanyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryny Tatarystanyň...

DOWAMY
pic
16 Noý

TÜRKMENISTANDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE HYTAÝYŇ ÝAŞLARYNYŇ FORUMY GEÇIRILÝÄR

Şu gün Mary welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlady. Mälim bolşy ýaly, bu forumy geçirmek teklibi şu ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi. Bu başlangyç Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşla...

DOWAMY
pic
16 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ARKADAG ŞÄHERINI ÖSDÜRMEGIŇ TÄZE UGURLARY BILEN TANYŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynd...

DOWAMY
pic
15 Noý

KURAŞ SPORTY BOÝUNÇA DÜNÝÄNIŇ IŇ EZBER 240-DAN GOWRAK TÜRGENI AŞGABADA GELER

Halkara birleşigi tarapyndan öňe sürlen we Türkmenistan tarapyndan goldanylan Kuraş sporty boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin dünýäniň 50 ýurdundan 240-dan gowrak türgen Aşgabat şäherine geler. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. Dünýä ýaryşynda ýeňiji bolan 60 türgeniň medallar bilen sylaglanjakdygy bellenilýär. Çempionatyň özünde Türkmenistana 15 türgen wekilçilik eder. Sport ýaryşlary jemi 15 agram derejesinde, şolaryň 7-si erkek we 8-si bolsa zenan agram derejesinde geçir...

DOWAMY
pic
14 Noý

MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI BIOLOGIÝA BOÝUNÇA II HALKARA OLIMPIADA ÇAGYRÝAR

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda onlaýn görnüşinde biologiýa boýunça II Halkara olimpiadasyny geçirer. Biologiýa bilen gyzyklanýan we bu dersi öwrenýän talyplaryň ählisi olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar. Olimpiada gatnaşjaklar şu ýylyň 30-njy noýabryna çenli elektron salgysyna ýüz tutup bilerler. Bellige alnan talyplaryň görkezen elektron poçtasyna olimpiadanyň başlanmagynda...

DOWAMY
pic
14 Noý

TÜRKMENISTANYŇ ADALATÇYSY HALKARA HYZMATDAŞLARYŇ WEKILLERI BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa Adalatçynyň edarasynyň halkara hyzmatdaşlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi. Onda adam hukuklaryny goramak pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşykda BMG-niň şu gurluşy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Adalatçynyň edaras...

DOWAMY
pic
10 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY E.M.AÝDOGDYÝEW HAKYNDA

Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 10-njy noýabry.

DOWAMY